Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär
Jemgyýet
Milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär
Çap edildi 24.06.2024
2469

Türkmenistanda 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň hem baş maksady gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri türkmen jemgyýetiniň durmuşynda mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolup çykyş edýän giň bäsdeşlik esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär. Onuň çäklerinde milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.

Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk ukyplary, olaryň maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalar olaryň maksatnamalarynyň esasy mazmunyny düzýär. Gyzyklanma bildirilip geçirilýän söhbetdeşlikleriň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz bilimlerini, başarnyklaryny, tejribelerini, tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, saýlawlara taýýarlyk döwründe öz maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri anyklaşdyrýarlar.

Bellige alnan ähli dalaşgärlere milli saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, degişli okruglaryň çäklerinde saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň derejedäki hukuklardyr mümkinçilikler döredilýär. Milli parlamentde öz okruglaryna wekilçilik etmäge hukugy gazanmak ugrunda iň mynasyp, ildeşlerimiziň uly hormatyna, ynamyna eýe bolan raýatlaryň bäsleşýändigini bellemek gerek. Merkezi we ýerli metbugatda bellige alnan dalaşgärleriň sanawy hem-de olaryň terjimehallary çap edildi. Dalaşgärler milli telewideniýede saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen çykyş etdiler.

Saýlawlara taýýarlyk işleri ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, şol sanda saýlawlara çagyryş bilen ýüzlenýän wideoşekiller taýýarlanyldy we teleýaýlymlar arkaly giň jemgyýetçilige ýetirildi. Saýlawlar baradaky dessin maglumatlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda ýerleşdirilýär. Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyna açyklyk, aýanlyk, demokratik nukdaýnazaryndan uly özgertmeleriň girizilendigini, onuň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilendigini bellemek möhümdir. Şeýlelikde, Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan üç jemgyýetçilik guramasy — Demokratik, Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýalary peýdalandy. Dalaşgärleriň birnäçesi bolsa raýat toparlary tarapyndan hödürlenildi.

Milli synçylaryň işlemegi üçin zerur şertler döredildi. Munuň özi saýlaw möwsüminiň açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk möwsümi demokratik, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýan ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýörelgelerini dabaralandyrmagy maksat edinýär.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
top-arrow