Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Teswirlemeler
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Çap edildi 19.06.2024
1082

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerde hasyly ýygnap almak işi depginli alnyp barylýar. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi.

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Gyzylarbat etrabynyň “Arkaç” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz kärendeçileriň haýyşy boýunça bir desse bugdaýy ordy we olaryň ekin meýdanynda galla oragyna ak pata berdi.

Häzirki döwrüň bugdaý orujy kombaýnlary daýhanlara ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam edýär. Şeýle hem hasyl möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara hyzmat edýär. Oraga gatnaşýanlar üçin talabalaýyk durmuş şertleri döredilip, sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda nokatlary guralýar. Oba hojalyk möwsüminde ulag serişdelerinden netijeli peýdalanylýar. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan galla hasylynyň hil derejesini kesgitleýärler.

Ak ekinleriň we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tarp ýerleri işjeň özleşdirmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işler ýurdumyzda gallaçylygy üstünlikli ösdürmegiň binýady bolup durýar. Oba hojalyk toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalar satyn alynýar. Pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, saýlama bugdaý tohumlaryny taýýarlaýan bölümleri bolan elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleriniň, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikleriň berilýändigini bellemek gerek. Bularyň ählisi “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda”, “Däneçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk-hukuk namalary bilen berkidilendir. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu çözgütler oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga, daýhanlaryň girdejilerini ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde pudagy dolandyrmagy we düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyz ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine-de aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk, seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylyp, olar ata-babalarymyzyň ekerançylyk tejribesi bilen bir hatarda, oba hojalygyny okgunly ösdürmekde ygtybarly binýady emele getirýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanyp, maddy üpjünçiligi barha ýokarlanýar.

Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, kepillendirilen bahalar, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmatyň, tohumyň, mineral dökünleriň, ösümlikleri goramak serişdeleriniň ýeňillikli şertlerde berilmegi ýaly oba hojalyk önüm öndürijilerini maliýe-ykdysady taýdan goldamak çäreleri oňyn miwesini berip, gallaçylaryň öz zähmetiniň ahyrky netijesine höweslenmegine ýardam edýär.

Ak bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilip, Watan harmanynyň beýgelmegi türkmen topragynyň sahawatyny, saçaklarymyzyň berekedini, halkymyzyň abadan durmuşyny äşgär edýär. Indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistan azyklyk bugdaýyň artykmaç mukdaryny eksport etmek mümkinçiligine eýe boldy. Munuň özi döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan has-da ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň bu ulgamda gazanan üstünlikleriniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilendigini, hususan-da, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazananlary üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolandygyny bellemelidiris.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagatyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, ýüpekçilik, bakjaçylyk, miweçilik, üzümçilik we oba hojalyk işewürliginiň beýleki ugurlary işjeň ösdürilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň ekerançylary şalynyň, Mary welaýatynyň ekerançylary bolsa gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Iri şahly mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň, guşlaryň baş sany artýar. Türkmen daýhanlary banan, zeýtun, malina, pisse ýaly önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirýärler.

Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň maksatnamasynda önümçilige ylmyň we sanly tehnologiýalaryň gazananlaryny ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän hem-de pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň täze önümçilik kärhanalaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi oba hojalyk toplumynyň jemi içerki önüme goşandyny, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribä we döwrüň talaplaryna, milli aýratynlyklara laýyklykda, täze guramaçylyk-hukuk usullarynyň ulanylmagy kiçi hem orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan açylýan täze ýyladyşhana toplumlary öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmaga ýardam berýär. Hojalyk işi bilen baglanyşykly meseleleri özbaşdak çözmek hukugyna eýe bolan kärendeçiler we daýhan birleşikleri, telekeçiler oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, olary saklamak, daşamak hem-de ýerlemek bilen meşgullanýarlar, içerki bazarlary dürli azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Olar önümleriň artyk bölegini daşary ýurtlara ibermek mümkinçiligine hem eýedir.

Döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly suw serişdelerini rejeli ulanmak oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegini düzýär. Türkmen halky köpasyrlyk taryhyň dowamynda durmuşyň dowam etmeginiň esasy kepili bolan suwa gymmatly hazyna hökmünde garapdyr. Suwy aýawly peýdalanmak ýörelgeleri nesilden-nesle geçirilip, onuň her damjasy altyn dänesine deňelipdir. Häzirki wagtda suw hojalygy pudagyna öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak maksady bilen görülýän anyk çäreler hormatly Prezidentimiz tarapyndan Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini şertlendirýär. Bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Onuň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna iri möçberli maliýe serişdeleri gönükdirilýär, ähli welaýatlarda täze gidrotehniki desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Ýurdumyzyň dag etegindäki sebitlerinde sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen suw howdanlaryna aýratyn orun degişlidir. Olar sil suw akymlarynyň ýetirýän zyýanynyň öňüni almaga, olary öňünden duýdurmaga, ýygnanan suwy ilatyň hojalyk zerurlyklary, ýagny ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ähli welaýatlarda ulanmaga berlen we gurluşygy dowam edýän suw howdanlary suw akymlarynyň bellenen ugurlar boýunça bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garagum sährasynyň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Täsin, örän çylşyrymly gidrotehniki ulgam bolan bu suw howdanynyň döredilmegi möhüm ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, Türkmenistanyň çäklerinde hem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde hem uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmek wezipesiniň üstünde netijeli işlemäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan suw serişdelerini rejeli ulanmak, serhetüsti suwlary peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, bu ulgamda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olarda halkara hukuk kadalaryna hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň doly hasaba alynmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Serhetüsti suwlary we halkara kölleri peýdalanmak we goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurdaky ähmiýetli ädim boldy. Bu babatda «Altyn asyr» Türkmen köli, hakykatdan-da, innowasion häsiýetli taslama bolup, ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriniň oňyn çözülmegine uly goşant goşýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ol Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Helsinki konwensiýasynyň hem-de bu ugurdaky beýleki halkara ylalaşyklaryň kadalaryny üýtgewsiz berjaý edýändigini tassyklaýar.

Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň azyk senagaty netijeli ösdürilýär, ekologik taýdan arassa ýokary hilli önümleriň önümçilik möçberi, olaryň görnüşleri artdyrylýar. Ýurdumyzda geçirilýän we degişli ulgamda gazanylanlary görkezýän halkara sergiler munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde Türkmenistan BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda-da çykyş edýär. Milli we sebit derejesinde durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamalary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Türkmenistan tarapyndan ýokary derejeli forumlarda öňe sürülýän netijeli başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak bilen bagly teklipler munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyz şeýle giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirmekde azyk howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we suw diplomatiýasy boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyň milli derejede geçirilýän degişli işlere mäkäm daýanmalydygyndan ugur alýar. Olar biri-biriniň üstüni ýetirýän, aýrylmaz baglanyşykly bolan işlerdir. Şunda ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyga, toplanan tejribäniň giňden alşylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijilere döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Bu çäreler tutuşlygyna agzalan ugurlarda önümçilikleriň netijeliligini artdyrmaga, içerki bazary dürli görnüşli azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmäge, bu önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow