Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 18.06.2024
2141

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan musulman ymmatyna abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu baýramçylyk gününde Size berk jan saglyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Başar AL-ASAD,
Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy iberýärin. Hoşniýetlilige hem-de haýyr-sahawatlylyga çagyrýan mukaddes baýram ähli adamlaryň agzybirligini, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk ruhunda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Olžas BEKTENOW,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Tutuş yslam dünýäsiniň Gurban baýramyny belleýän günlerinde Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk we üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Beýik Biribardan musulmanlar üçin şu mukaddes günlerde Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk, bolelinlik, gülläp ösüş dileýärin.

Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Şeýh Sabah Haled Al-Ahmad Al-Mubarak AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Size Gudraty Güýçli Allatagaladan abadançylyk dileýärin.

Goý, Beýik Biribar biziň doga-dileglerimizi kabul etsin!

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen iberýärin.

Beýik Biribardan şu baýramçylyk gününde doganlyk halklarymyza parahatçylyk we durnuklylyk dileýärin. Goý, Gudraty Güýçli Allatagala biziň doga-dileglerimizi öz dergähinde kabul etsin!

Türki bin Mohammed bin Fahad bin ABDELAZIZ,
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mukaddes baýramyň asylly ýörelgeleriniň iki doganlyk halkyň abadançylygyna, dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine umyt edýärin.

Owganystan bilen Türkmenistan söwda-ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürýärler. Bu mukaddes günlerde musulmanlaryň doga-dilegleriniň we gurbanlyklarynyň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dost-doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

Soňky habarlar
19.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.01
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
19.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 898 müň dollaryndan gowrak boldy
18.01
Abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly bilen
18.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
16.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16.01
2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
16.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
15.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Bilim we ylym ulgamy
top-arrow