Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 17.06.2024
488

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Goý, bu mübärek baýram Size bagtyýarlyk, abadançylyk, biziň halklarymyza we ähli musulman ymmatyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk getirsin!

Hormatlamak bilen,

Abdel Fattah AL-SISI,

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna iň mähirli gutlaglarymy hem-de arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma döredýär. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hamad bin Isa AL HALIFA,

Bahreýniň Patyşasy.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size we doganlyk türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

ABDULLA II,

Iordaniýanyň Patyşasy.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi we türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlaýaryn. Türkmen halkyna rysgal-bereket, jebislik, ösüş arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Husraw NOZIRI,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretariatynyň we onuň institutlarynyň işgärleriniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Gudraty Güýçli Biribardan Türkmenistana mundan beýläk-de abadançylyk, ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, howpsuzlyk, rowaçlyk dileýäris.

Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hisseýn Brahim TAHA,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Pikirlenmegiň we şükür etmegiň wagty bolan bu baýram agzybirligi hem-de rehimdarlygy alamatlandyrýar. Bu mübärek günlerde biz umumy mirasymyzyň güýjüni, bizi jebisleşdirýän gymmatlyklary ýatlaýarys.

Bu gün biz türki döwletleriň arasyndaky berk gatnaşyklaryň şaýady bolýarys hem-de geljek aýda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu sammit biziň hyzmatdaşlygymyzy we geljege bolan umumy garaýyşlarymyzy has-da pugtalandyrar.

Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky tüýs ýürekden ynandyrmalarymy we Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Ruhy päkligi alamatlandyrýan Gurban baýramy ýakynlaryňy söýgi we mähir bilen gurşap almagy, adalatlylygy, rehimdarlygy öwredýär. Bu ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylyk türkmen halkynyň köptaraply medeniýetini has-da baýlaşdyrýar.

Bu nurana baýramda, çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size we Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,

Russiýa Federasiýasynyň 

Astrahan oblastynyň gubernatory.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we ähli doganlyk türkmen halkyny mähirli mübäreklemek bilen, musulman dünýäsiniň esasy baýramy bolan Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Goý, musulmanlaryň jebisligini, rehimdarlygy, ýagşylygy alamatlandyrýan bu nurana baýram biziň ählimize parahatçylyk, ruhy päklik we rowaçlyk getirsin! Bu baýram günlerinde Beýik Biribardan biziň halklarymyza parahatçylyk, abadançylyk we bagtyýarlyk eçilmegini dileýärin.

Doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň türkmen we azerbaýjan halklarynyň, olaryň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmegini hem-de pugtalandyrylmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Goý, Gudraty Güýçli Allatagala bizi öz penasynda aman saklasyn!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şeýh-ul-Yslam Allahşukur PAŞAZADE,

Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy,

GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy.


* * * 


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.

Soňky habarlar
19.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.07
Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy
18.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
18.07
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy
17.07
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-NIŇ ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi
17.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
17.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.07
Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi tassyklanyldy
top-arrow