Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär
Jemgyýet
Saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär
Çap edildi 14.06.2024
2939

11-nji iýunda saýlawlara taýýarlyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry bolan Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Möwsümiň ilkinji iki tapgyryny düzýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işi ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna, halkara kadalara laýyk gelýän şertlerde geçirildi. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine jemi 9 — her saýlaw okrugy boýunça 3 dalaşgär hödürlenildi.

Dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň wekilleri bar. Olaryň aglabasy syýasy partiýalaryň agzalarydyr. Şeýlelikde, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini çözmekde raýat jemgyýetiniň ähli institutlarynyň işjeň gatnaşygy üpjün edilýär. Bellige alnan her bir dalaşgäre milli saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň derejedäki hukuklar we mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki wagtda saýlaw okruglarynda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilip başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu möwsümiň ýörelgesi türkmen jemgyýetiniň durmuşyndaky demokratik däpleri mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýän giň saýlaw esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk ukyplary, olaryň maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Ýurdumyzyň gülläp ösüşine, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga goşant goşmak baradaky meýiller olaryň maksatnamalarynyň esasy mazmunyny düzýär. Ildeşlerimiziň başarjaň, durmuş meselelerine ünsli garaýan, hakyky watançy hökmünde bildirýän ynamyny ödemek üçin dalaşgärler hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň döwlet berkararlygyny, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmaga goşant goşmakda ähli güýjüni, tejribesini, bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.

Üç saýlaw okrugynyň çäginde 60 saýlaw uçastogy döredildi. Olaryň ählisi degişli guramaçylyk enjamlary, saýlawlar boýunça maglumat gollanmalary bilen üpjün edildi. Olarda sowal-jogap, usulyýet edebiýatlary, Saýlaw kodeksiniň maddalaryny özünde jemleýän neşirler, kadalaşdyryjy resminamalar we beýleki gollanmalar bar. Raýatlaryň erk-islegini beýan etjek saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek boýunça tassyklanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, merkezi saýlaw toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlary guraldy.

Milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň geçişine gözegçilik etmäge şert döreder. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak saýlawlarda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen 76 sany milli synçy bellige alyndy we olara degişli şahsyýetnamalar berildi.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow