Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sagdyn we bagtyýar çagalar — Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili
Jemgyýet
Sagdyn we bagtyýar çagalar — Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili
Çap edildi 22.05.2024
515

Şu gün Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesli sazlaşykly terbiýeläp ýetişdirmek türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa” bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Köp sanly milli maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Olar ilata hil taýdan täze, ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam etmelidir.

Ilatyň kesellemek derejesiniň ep-esli azalmagy, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagy saglygy goraýyş ulgamynda täze çemeleşmeleriň döremegine we onuň düýpli özgerdilmegine mümkinçilik beren “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Maksatnamanyň çäklerinde soňky ýyllarda Türkmenistanda halkara standartlara laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berildi. Gysga wagtyň dowamynda ýurdumyzda dünýäniň lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryna, öňdebaryjy tejribä esaslanýan milli saglygy goraýyş ulgamynyň netijeli nusgasy döredildi. Munuň özi ilatyň saglygyny goramak boýunça işleri has ýokary derejä çykarmaga giň mümkinçilikleri açdy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy abraýly düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurdumyzda köp keselleri ýok etmek başartdy we bu ugurdaky üstünlikler degişli halkara güwänamalar bilen tassyklanyldy.

Kesellemegiň öňüni almakdan başga-da, ony öz wagtynda, dogry bejermäge uly ähmiýet berilýär. Bu işiň netijeliligi häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Diýarymyzyň ähli saglygy goraýyş edaralary şeýle enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Iki sany “Dialog+” kysymly enjamyň paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň toksikologiýa we çagalaryň gemodializi bölümine sowgat berilmegi hem döwletimiziň ýaş raýatlaryň saglygy, abadançylygy baradaky tagallalarynyň nobatdaky güwäsi boldy. “B.Braun” kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň bu meşhur kompaniýasynyň şeýle görnüşdäki täze enjamlary şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda döredilen bu gazna ugurdaş edaralara hemmetaraplaýyn kömek bermek bilen, ýaş nesliň saglygyny goramak üçin uly işleri alyp barýar. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglary sowgat berildi. Mary welaýat çagalar hassahanasyna “Savina” kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat hökmünde gowşuryldy. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan, edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylary, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän, okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek üçin peýdalanylýar.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine täze enjamlaryň sowgat berilmegi mynasybetli şu gün geçirilen dabara gatnaşyjylar — haýyr-sahawat gaznasynyň kömegi esasynda operasiýa edilen we saglygyny dikelden çagalar, olaryň kalby hoşallykdan doly ene-atalary, köp sanly saglygy goraýyş işgärleri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize öz geljegine ynamly garaýan türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrundaky yzygiderli aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.06
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.06
T.B.Kömekow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
16.06
Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna gelen hat
16.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
15.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary
15.06
Ýokary taýýarlykly harby hünärmenler Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepilidir
top-arrow