Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Jemgyýet
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Çap edildi 17.04.2024
4003

Mary şäheriniň Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy bolup, ähli amatlyklary bolan iki gatly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi. Ýakyn geljekde olaryň jemi 200-sini gurmak meýilleşdirilýär.

Welaýatyň edara ediş merkeziniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasyna ynanyldy.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmagy, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagy, her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegi durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzda köp gatly binalar bilen bir hatarda, ähli amatlyklary bolan kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň hem gurulýandygyny bellemek gerek. Munuň özi raýatlaryň isleglerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýyny saýlap almak mümkinçiliklerini artdyrýar.

Diýarymyzda gurulýan ähli täze binalarda bolşy ýaly, kottejler hem ýaşaýjylar üçin ýokary amatlyklar, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bina edilendir. Jaýlaryň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak, çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin mümkinçilikler bar. Her kottejde giň otaglar, ýerzemin we awtoulaglar üçin jaý göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem daşarky suw, tebigy gaz, elektrik geçiriji, aragatnaşyk ulgamlary çekilen. Bu ýerde türkmen halkynyň milli däp-dessurlary esasynda baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, sadaka bermek we beýleki baýramçylyklary bellemek üçin zerur şertleriň döredilendigini nygtamak gerek.

Her jaýda täze göçüp gelen maşgalalaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary ýygnanyp, şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli milli dessurlar berjaý edildi, täze jaýlarda saçaklar giňden ýazylyp, gelin we jaý toýlary tutuldy.

Asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki döwürde-de milli däp-dessurlarymyz ruhy-medeni köklerine, gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegini düzýär.

Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalar we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalaryň döwletimiziň häzirki döwürdäki okgunly ösüşlerini alamatlandyrýandygyny bellediler.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
top-arrow