Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi geçirilýär
Ykdysadyýet
Aşgabatda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi geçirilýär
Çap edildi 03.04.2024
812

Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Bu sergi milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, kuwwatyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň şöhlelendirýär. Bu ýerde dürli ugurlarda iş alyp barýan söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragy öz öndürýän ýokary hilli önümlerini, hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýärler.

...Sergiler merkezinde guralan aýdym-sazly çykyşlar sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ruhuny belende göterdi. Däp bolan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny berkitmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňat netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar bu gün dünýä bazarlarynda giňden tanalýar we ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Şu gezekki serginiň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginden, eksportyň artdyrylmagyndan hem-de önümçilikleri depginli döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Kabul edilen ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri beýan edýän köp sanly diwarlyklar hem munuň aýdyň güwäsidir.

Sergä Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümleridir kärhanalary gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda «Türkmensüýtsöwda», «Türkmenbakaleýa» lomaý-bölek söwda kärhanalary, «Howdan-Bajgyran» söwda firmasy, Aşgabat şäheriniň Bazarlar birleşigi bar. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň önümçilik-söwda guramalary, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri hem diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Arkadag şäher Söwda müdirligi sergä ilkinji gezek gatnaşýar.

“Mizan” täjirçilik merkezi, “Ruhubelent”, “Altyn Ýyldyz” kärhanalary, “Parahat” medeni-dynç alyş merkezi, “Altyn asyr” söwda merkezi jemgyýetçilik iýmiti pudagyndaky hyzmatlaryň ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Sergide Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň hyzmatlary, «Türkmenlomaýdaşarysöwda» birleşiginiň kärhanalary, «Altyn damja», “Tut”, “Sada suw” kärhanalarynyň agyz suwlary we dürli görnüşli içgileri-de bar. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň diwarlyklary ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliligini aýdyň görkezýär.

Sergi zalynyň giň meýdançasynda bakaleýa harytlary, ter miweler, gök-bakja önümleri, azyk senagatynyň dürli önümleri ýerleşdirilen diwarlyklar, haly, dokma önümleri, beýleki harytlar bar.

Söwda we hyzmatlar ulgamynyň ýokary ösüş derejesiniň milli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagynyň, söwda toplumynyň ösüşiniň, milli önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň möhüm görkezijisidigini bellemelidiris. Şu gezekki gözden geçiriliş bu aýratynlyklary aýdyňlyk bilen görkezdi. Durmuş-ykdysady özgertmeler, ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklarynyň gurallarynyň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy Diýarymyzyň ykdysady taýdan galkynmagyna getirdi. Munuň özi işewürligi guramagyň, hyzmatlary hödürlemegiň häzirki zaman usullary ulanylýan içerki söwdanyň depginli ösüşinde öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň eksport ugurly esasy pudaklarynyň biri bolan Dokma senagaty ministrligi hem öndürýän ýokary hilli harytlaryny görkezýär. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, halyçylyk sungaty bilen meşgullanýan telekeçileriň we halk senetçileriniň döwrebap haly önümleri uly gyzyklanma döretdi.

«Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti sergide dürli görnüşli halylary we özboluşly reňki bilen tapawutlanýan palaslary görkezýär. Polipropilen ýüplüginden taýýarlanylýan häzirki zaman haly önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de uly islegden peýdalanýar. Ýeri gelende bellesek, häzirki döwürde bu önümçiliklerde sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar.

Ägirt uly ekranlarda görkezilýän wideoşekiller halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin täze ugurlary açýan ykdysady gazanylanlar barada gürrüň berýär. Bularyň ählisi Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň güwäsidir.

Sergide telekeçileriň söwda we hyzmatlar ulgamynda gazanýan üstünlikleri bilen hem tanyşdyrylýar. Häzirki wagtda olar ýöriteleşdirilen dükanlary açýarlar, işlerini françaýzing usuly boýunça guraýarlar. «Halk market», «Şerbet market» dükanlarynyň işi muňa aýdyň mysaldyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Bu ulgam ýokary hilli harytlary, hyzmatlary hödürlemek bilen, azyk, çaphana önümleriniň, gurluşyk serişdeleriniň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň we beýlekileriň önümçiligine maýa goýumlary gönükdirýär. Nobatdaky sergi hem türkmen işewürleriniň marketing syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegine öwrüldi.

«Наsar», «Hojaly», «Şerbetli ak gar», «Mekan» kärhanalarynyň süýji-köke önümleri bilen bezelen diwarlyklary, «Sahabatly», «Täze aý» hususy kärhanalarynyň süýt önümleri, «Goşa çynar», «Sada» kärhanalarynyň dürli görnüşli içgileri, «Özgeriş», «Ak toprak», «Bereketli» kärhanalarynyň şöhlat we et önümleri sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde iri oba hojalyk kärhanalary, guşçulyk, maldarçylyk we balykçylyk, gök-bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işlemek boýunça önümçilik toplumlarynyň diwarlyklary hem bar.

Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmelere uly goşantlaryny goşmak bilen, pudaga suw tygşytlaýjy ulgamlary, ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap tejribeleri ornaşdyrýarlar, ekologik taýdan arassa gök önümleri, miweleri ösdürip ýetişdirýärler. Döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan häzirki zaman tehnikalaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlary berýär. Bu bolsa topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, bol hasyl almaga, netijede, hususy azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Telekeçiler ýyladyşhanalarda gök-bakja ekinlerini, ýurdumyzyň eksport edýän azyk harytlarynyň arasynda uly paýy bolan pomidorlary, importyň ornuny tutýan tropiki miweleri ýetişdirmekde baý tejribe topladylar. Sergi pawilýonlarynda görkezilen ekologik taýdan arassa önümler munuň aýdyň güwäsidir.

Sergä gatnaşýanlaryň birnäçesi halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmakda hususy pudagyň mümkinçiliklerini görkezýärler. Şolaryň hatarynda döwrebap egin-eşikleri, aýakgaplary, uly islegden peýdalanýan beýleki önümleri öndürýän düzümleri — «Röwşen», «Batly gadam» kärhanalaryny, «Muhammet-Balkan», «Ak suw» hojalyk jemgyýetlerini, dürli aksessuarlary, okuw sumkalaryny, sport aýakgaplaryny öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileri görkezmek bolar. Egin-eşikleri himiki usul bilen arassalamakda paýtagtymyzda öňdebaryjy bolan “Maýam” kärhanasynyň hünärmenleri hödürleýän hyzmatlarynyň giň görnüşlerini mahabatlandyrýarlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaý we kottej toplumlaryny, seýilgäh zolaklaryny, edara ediş, işewürlik merkezlerini, düzümleýin desgalary gurýarlar. Bu babatda «Türkmen bina gurluşyk» hojalyk jemgyýeti we «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti sergide öz hyzmatlary bilen tanyşdyrýar.

Häzirki zaman senagat we elektron önümlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň diwarlygy sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleri yzygiderli artýar. Olar iki SIM-kartly ykjam telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, smart-telewizorlary, häzirki zaman sowadyjylaryny, internet ulgamyny paýlaýjylary (router), agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlary öz içine alýar. Kompaniýanyň öndürýän suwuk kristal ekranly, 32 we 42 dýuýmly “Tolkun”, 55 dýuýmly “Zemin” smart-telewizorlarynyň nusgalary degişli interfeýse hem-de dünýädäki şonuň ýaly önümler bilen mynasyp bäsleşip bilýän beýleki tehniki häsiýetnamalara eýedir. Şeýle-de ýurdumyzyň önüm öndürijileri Gün energiýasy bilen işleýän ýol yşyklaryny we ýol belgilerini hödürleýärler.

“Täç hil” hususy kärhanasy sintetik ýuwujy we arassalaýjy serişdeler, kosmetika, parfýumeriýa önümleri bazarynda öz önümlerini görkezýär. Kärhana suwuk köpürjik sabynyny, aýna arassalaýjylary, aşhana plitalaryny arassalamak üçin serişdeleri, çygly süpürgiçleriň has elýeterli görnüşlerini, polietilen gaplary we başga-da köp sanly önümleri görkezýär.

Gözden geçirilişiň çäklerinde mahabat-tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Onda ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri tarapyndan öndürilýän täze önümler tanyşdyryldy.

Serginiň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň milli lybaslarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Milli ýörelgeleri häzirki zaman bezeg usullary bilen sazlaşykly utgaşdyrýan türkmen dizaýnerleriniň täze lybaslar toplumlarynyň görkezilmegi sergä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Umuman, nobatdaky gözden geçiriliş içerki bazar bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen meýilnamalaýyn işler we ugurlar bilen giňişleýin tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýar. Sergi ertir hem öz işini dowam etdirer. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.

Soňky habarlar
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
29.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
29.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy
28.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy
28.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň duşuşygy
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow