Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk, netijeli dialog, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek — ileri tutulýan ugurlar
Hepdäniň wakalary
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk, netijeli dialog, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek — ileri tutulýan ugurlar
Çap edildi 04.12.2023
1254

Sözbaşydaky milli bähbitlere, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelýän, ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen şu ugurlar ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynda aýratyn ileri tutulýar.

1-2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş edip, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ekologik meselelere degişli wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Bellenilişi ýaly, şol bir wagtda, ýurdumyz bu resminamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek başlangyjynyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň teklip edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny doly goldaýandygyny hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “СOP28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldamaga taýýardygyny mälim etdi.

Şol gün “COP28” maslahatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz we ÝUNEP-niň Ýerine ýetiriji direktory tebigaty goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary “СOP28” maslahatynyň çäklerinde azyk üpjünçilik ulgamyny, daşky gurşawy goramagyň maliýeleşdirilmegini özgertmek, howa şertlerini nazara almak bilen, ekologik ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan çärelere gatnaşdylar.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda 27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny bellemek bolar. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we paýtagtymyzda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, pagtany ýygnap almak işleriniň, bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň möhüm ähmiýetini belläp, Aşgabat şäheriniň baýramçylyk äheňinde bezelmegini, medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Dubaýda geçirilýän howa meseleleri boýunça “COP28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy mowzugy boldy.

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Söhbetdeşler uzak möhletleýin esasda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara hereketleri ösdürmek üçin utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny berkitmegiň zerurdygy nygtaldy.

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça pikir alşyldy. Strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary döwlet, Hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlament we partiýa wekilleriniň gatnaşyklarynyň hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigi bellenildi. 

30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi. Hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini pugtalandyrmak, paýtagtymyzyň binagärlik keşbini kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, öňde geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy. 

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda tassyklanylan 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, onda göz öňünde tutulan çykdajylary rejeli özleşdirmäge we girdejileri ýokarlandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylyşy bilen bagly tekliplere garap, munuň üçin ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryndan, öňdebaryjy halkara şähergurluşyk tejribesinden ugur alynmalydygyny tabşyrdy. Mejlisde söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän işler barada hasabat berildi. Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

“Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça işler alnyp barylýar. Neşirde ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri giňden beýan ediler. Täze neşiriň redaksion geňeşiniň düzümine türkmen alymlary we bilermenleri bilen bir hatarda, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň meşhur bilermenleridir alymlary hem girizildi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Bilim ministrligi tarapyndan Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu taslama ýokary hünär bilim edaralarynyň dünýä belli okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmagyna ýardam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary hünär bilim edaralarynyň 9-sy Halkara uniwersitetler bileleşiginiň agzasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan “tegelek stoluň” başyndaky maslahat bar. Şeýle hem Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guramak meýilleşdirilýär.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hem-de ýurduň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, geçirilýän işler Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigini, onuň dowamynda ýaşlaryň alyp baran işlerine mynasyp baha beriljekdigini belläp, göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine öňdäki foruma görülýän guramaçylyk we taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Gahryman Arkadagymyz birnäçe möhüm meselelere ünsi çekip, ylmy-amaly maslahatyň, serginiň, konsertiň we zähmet, bilim, sport ugurlarynda uly üstünlikleri gazanyp, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaşlarymyzy sylaglamak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisini bellemek bolar. Mejlisde taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleriň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň täze usullaryny hem-de görnüşlerini ýola goýmagyň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, hususan-da, söwda-ykdysady, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlaryna, gurluşyk, dokma senagaty, aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklara aýratyn üns çekildi. 

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermek bilelikdäki işiň esasy ugrudyr. Geçirilýän işewürlik maslahatlary, işewür toparlaryň arasyndaky gepleşikler, sergiler we beýleki çäreler muňa ýakyndan ýardam etmelidir. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama we beýleki resminamalara gol çekildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi Türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahatynyň çäklerinde-de ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Paýtagtymyzda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Hususan-da, energetika, ulag-logistika we ylmy-tehniki ugurlarda, söwda we senagat pudagynda, şol sanda oba hojalyk toplumynda, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem ýokary tehnologiýalar we beýleki möhüm ulgamlar hyzmatdaşlygyň wajyp ugry hökmünde kesgitlenildi.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Mejlisinde Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amara Belaniden hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatlary kabul edildi. Diplomatlar Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de geljegi uly parlamentara gatnaşyklary ilerletmek, netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçirildi. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, hususy telekeçileriň 90-a golaýy bu ýerde öz önümlerini görkezdiler.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň ajaýyp üstünligi bilen tamamlandy. Onda 4 yklymyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. Türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 — jemi 15 agram derejesinde çykyş edip, 15 medal gazandylar. Şolaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş we 4-si bürünç medallardyr.

Paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman türkmen tarapyndan bu ägirt uly çäräniň üstünlikli geçirilmegi ugrunda döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza aýratyn hoşallyk bildirip, ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň, sportuň, bedenterbiýäniň ösdürilmegi, dünýäde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi ugrunda alyp barýan asylly işleri üçin ýörite sport lybaslaryny we degişli güwänamalary gowşurdy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow