Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny aýtdy
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny aýtdy
Çap edildi 01.12.2023
2865

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldamak barada aýtdy we resminamany içgin öwrenmäge we ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň belleýşi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldanmagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandyny, (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

«Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna özüniň goşulýandygy barada resmi taýdan beýan edýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalary hem-de hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini nygtady.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow