Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabat we Tähran gaz hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar
Ykdysadyýet
Aşgabat we Tähran gaz hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar
Çap edildi 18.11.2023
2225

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisinde taraplar gaz hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşykda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, gurluşyk we infrastruktura, gümrük hem-de serhet kadalaşdyrylyşy, senagat, oba we suw hojalygy, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar ulgamynda gepleşikleri dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. 

Bulardan başga-da, iki ýurduň arasynda gaz ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň hem soňky döwürde barha ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagallalaryň edilýändigi nygtaldy. Türkmenistandan Eýrana çekilen gaz geçirijiler arkaly türkmen tebigy gazynyň iberilmegi boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Körpeje-Gurtguýy» gaz geçirijisiniň kuwwatlylygyny doly peýdalanmak arkaly goňşy ýurda eksport edilýän tebigy gazyň möçberleriniň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy hem-de «Çaloýuk» gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen türkmen tebigy gazynyň eýran ugry boýunça iberilýän möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim edildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, milli ykdysadyýetiň çalt depginlerde diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de sanlylaşdyrylmagynyň ugur edinilmegi, bilelikdäki işiň netijesinde toplanylan tejribäniň doly herekete geçirilmegi, örän baý tebigy serişdeler we bar bolan ägirt uly ykdysady we eksport kuwwatlyklary bilen bilelikde iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Soňky habarlar
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
13.08
Ylym we tehnologiýalar — ýurdumyzyň rowaçlygynyň kepili
13.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
13.08
«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
12.08
Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow