Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi
Ykdysadyýet
Aşgabatda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi
Çap edildi 18.11.2023
2537

Şu gün paýtagtymyzda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirilip, ol iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bagyşlandy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen işewür toparlarynyň nobatdaky duşuşygy Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda geçirilýän «Iran Prože» ýöriteleşdirilen sergisine gabatlanyldy.

Duşuşygyň gün tertibinde iki ýurduň uly söwda-ykdysady mümkinçiligi bilen baglylykda, hususan-da, senagat, nebitgaz pudaklarynda, gurluşykda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde, energetikada, söwdada, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýran tarapynyň wekiliýetiniň düzüminde döwlet edaralarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça guramalarynyň, şeýle hem dürli pudaklarda, şol sanda ýokary tehnologiýalar ulgamynda özleriniň işläp taýýarlamalary bilen meşhur bolan Eýranyň birnäçe iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri bar.

Türkmen tarapyna esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçilikler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň hem-de beýleki hususy kompaniýalaryň 80-den gowragy wekilçilik etdiler.

Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş Eýranyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ymtylýandygyny nygtady. Munuň şeýle bolmagyna bilelikde yzygiderli geçirilýän ykdysady forumlar we sergiler, dürli derejelerde wekiliýetleriň alşylmagy ýardam edýär.

Işewürler maslahatynyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de özara bähbitleri, ýol gurluşygy, şäheri abadanlaşdyrmak, nebitgaz we himiýa pudaklarynda bilelikde işlemegiň geljegi uly taslamalaryny göz öňünde tutup, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri baradaky tanyşdyrmalar geçirildi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda, söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy we beýleki pudaklar görkezildi.

Eýran tarapyndan «Saba Energy», «Saden Gorgan International Transport RT.Co», «Azar Passilo», «Tapico» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary teklipleri bilen çykyş etdiler.

Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlarynda häzirki wagt Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüneçekiji, depginli ösýän ykdysadyýeti bolan döwletdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry häzirki zaman ulag we senagat düzümlerini, innowasion ugurly gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmegi nazarda tutýan ýurdy senagatlaşdyrmak ýörelgesinden ybaratdyr. Şu maksat bilen, täze kärhanalary gurmaga hem-de häzir hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemäge ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.

Garalan meseleleriň hatarynda kiçi we orta işewürligiň derejesinde hem işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň depginli ösüşini nazarda tutanyňda geljegi uly görünýär.

Forumyň çäklerinde iki goňşy ýurduň dürli pudaklaýyn edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy we degişli resminamalara gol çekildi.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dowamynda iki ýurduň ykdysady kuwwaty hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar geçirilen ýokary derejedäki duşuşygy guramaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow