Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň gaz känlerinde mawy ýangyjyň senagat akymy artýar
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň gaz känlerinde mawy ýangyjyň senagat akymy artýar
Çap edildi 16.11.2023
1066

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir.

Diýarymyzda soňky iki ýylda nebitgaz ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi bilen, nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak işlerine gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri tarapyndan tebigy gazyň, gaz kondensatynyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça geçirilen degişli işleriň netijesinde “Tagtabazar — 1” gaz känindäki 29 belgili guýudan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde 226,4 müň kub metr tebigy gaza we 6,04 tonna gaz kondensatyna deňdir. Şeýle hem “Uzynada” käninde gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, bu känden her biriniň önüm berijiligi bir gije-gündizde ortaça 60 tonnadan gowrak bolan üç guýudan gaz kondensat akymy alyndy. “Uzynada” käninde geçirilen gazuw işleriniň netijesi Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň öz oňyn beýanyny tapýandygynyň güwäsidir.

Şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Galkynyş” gaz känindäki 312 belgili guýuda gazuw işleri ýerine ýetirilip, tebigy gaz akymy alyndy. Bu guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde mawy ýangyjyň 1,7 million kub metrine deň bolup, bu görkezijiniň has-da artmagyna garaşylýar.

Watanymyzyň ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümlere bolan islegi kanagatlandyrmak üçin, olary tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmek arkaly pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary işjeň ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekýär.

Ýangyç-energetika pudagynyň öňünde nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň iri uglewodorod ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti, gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlaryny 3D modelirlemegiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak boýunça wezipeler goýuldy.

Türkmenistan tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge ähmiýet berip, energiýa serişdelerini iri eksport ediji ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, eksportyň harytlar düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işe gatnaşmagynyň häsiýetini-de hil taýdan özgertdi. Häzirki wagtda durnukly ösüşiň ählumumy meýilleri, hususan-da, ekologik meseleler gün tertibinde ilkinji orna çykarylýar. Şonuň üçin hem energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, tebigy gazy we nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek üçin döwrebap enjamlary satyn almak üçin täze maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri işe girizmek Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlardyr.

Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologik ugry ekoulgama aýawly çemeleşmek we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak arkaly innowasion ösüşi işjeňleşdirmegi, daşky gurşawy geljek nesiller üçin goramagy maksat edinýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň barha artmagyna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýany peseltmek şerti bilen, az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmek möhüm wezipe bolup durýar. Ekologik talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir. Türkmenistan dünýäde öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegini nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Daşky gurşawa kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy we tebigy gaza bolan islegiň artmagy dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ymtylmagy bilen baglylykda, ählumumy energetikany ösdürmekde esasy uzak möhletleýin ugurdyr.

Daşky gurşawy goramak boýunça ýurdumyzyň halkara borçnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, şeýle hem dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalar bilen giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2023-2024-nji ýyllar üçin “Ýol kartasy” we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagy ekologik taýdan arassa döwrebap tehnologiýalara we öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanyp, uglewodorod serişdeleriniň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bu strategik wezipäni çözmekde “Galkynyş” gaz käniniň mundan beýläk-de tapgyrlaýyn özleşdirilmegine uly orun degişlidir. Tebigy gazyň düzüminde turşy komponentleriň (kükürtwodorodyň we kömürturşy gazynyň) köp mukdarda bolmagy bu gaz käniniň aýratynlygydyr. Häzirki wagtda bu ýerde uglewodorod serişdesini arassalamak, şeýle hem harytlyk gazy almak we kükürtwodorody gaýtadan işläp, kükürt öndürmek üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen gazy gaýtadan işleýän toplumlar guruldy.

Bu günki gün gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasy netijeli ösdürilýär. Daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna geçmek mümkinçiligine garalýar. Gymmat bolmadyk, ygtybarly, döwrebap energiýa çeşmelerine elýeterliligiň bolmagy ähli ýurtlaryň okgunly ösüşi, halklaryň abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Dünýäniň gaz senagaty parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, zyňyndylary ölçemek işine innowasion tehnologiýalary, sanly hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmelidir. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde geljegiň ýangyjy bolan wodorod giňden wagyz edilýär. Senagat önümçiliginde ol parnik gazlaryny emele getirmezden, ýylylyk bilen üpjün edip bilýär. Sebäbi wodorodyň ýylylyk döretmek ukyby ýangyjyň beýleki görnüşlerinden üç esse ýokarydyr. Mundan başga-da, ony energiýa toplaýjy hökmünde ulanyp bolýar. Ekologik taýdan arassa, howpsuz, tygşytly we bäsdeşlige ukyply bolmagy bu döwrebap energiýa serişdesiniň artykmaçlyklarydyr. Energetika tehnologiýalaryndaky innowasiýalaryň netijesinde wodorod täze bazarlary özleşdirmäge başlady.

Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmegiň strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň rowaçlygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow