Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Hormatly Prezidentimiz YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi
Ykdysadyýet
Hormatly Prezidentimiz YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi
Çap edildi 09.11.2023
2852

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi.

«Biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň diňe YHG-niň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan döwrebap ulag we kommunikasiýa torlary bar bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar we bu işde Guramamyza esasy orunlaryň biri degişlidir.

Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz möhüm infrastruktura desgalary bolan ýollary, köprüleri, çatryklary, ammarlary, terminallary we beýleki desgalary gurmak babatda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edýändigine aýratyn üns berdi.

«Amaly nukdaý nazardan, degişli döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň gatnaşmagynda, Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýäris» diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň we Gara deňziň potlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meseleleriniň geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz halkara giňişliginde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmak, ýöriteleşdirilen guramalar bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy, halkara we sebitleýin ulag guramalary bilen işjeň iş alyp barmaklygyň YHG üçin möhümdigini belledi.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow