Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan Yrak Respublikasyna tebigy gazy eksport eder
Ykdysadyýet
Türkmenistan Yrak Respublikasyna tebigy gazy eksport eder
Çap edildi 08.11.2023
2673

Şu gün paýtagtymyzda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden “swap” usulynda Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ozal “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Bitarap Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda açyk içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Şunda ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli, uzak möhletli milli maksatnamalary durmuşa geçirmek ýoly bilen ynamly öňe ilerleýär. Şol maksatnamalar döwlet gurluşynyň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, köp pudakly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm durmuş wezipelerini çözmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen halkara energetika hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze konsepsiýasynyň döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, şeýle hem öndürijileriň, üstaşyr iberijileriň, dünýä bazarlarynda energiýany sarp edijileriň bähbitleriniň berjaý edilmegi bu konsepsiýanyň esasy ýörelgesi bolup durýar.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara ähmiýetli teklipleri birnäçe iri energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz anyk beýanyny tapdy. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijilerini, Türkmenistandan Eýrana hem-de owgan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny aýratyn bellemek gerek. Şunda daşary döwletler we kompaniýalar bilen köp ýyllaryň dowamyndaky bilelikdäki işiň netijesinde ýurdumyzyň özara ynanyşmak, hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda iş alyp barýan jogapkärli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezendigini nygtamak zerurdyr.

Türkmen tarapy geljegi uly, täze hyzmatdaşlaryň hatarynda Uzak, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň birnäçesi bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini ileri tutýar. Şol döwletler energetika babatda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler we ýokary derejede başlangyçlaryny hödürleýärler. Şeýle döwletleriň hatarynda Yrak Respublikasyny görkezmek bolar.

Şu gezekki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri “swap” usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler.

Şeýlelikde, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny yzygiderli alyp barýar.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow