Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň daşky gurşaw syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdy
Jemgyýet
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň daşky gurşaw syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdy
Çap edildi 18.10.2023
2134

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşky gurşaw syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň bellemegine görä, önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar.

«Biziň «Ýaşyl Ýüpek ýola» düşünişimiziň many-mazmuny şuňa esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen düzümi – howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklibini oýlanyşykly we öz wagtynda ädilen ädim hasaplaýarys» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Merkeziň işlemegi üçin ýurdumyzyň paýtagtynda – Aşgabat şäherinde ähli zerur bolan tehniki we guramaçylyk şertlerini hödürlemäge taýýardyrys. 

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz kömürturşy gazynyň we metanyň  atmosfera zyňyndylarynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak hem Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, gürrüň, ilkinji nobatda, aýratyn hem energetika, senagat we ulag ulgamlarynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ulanmaga tapgyrlaýyn geçmek barada barýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň wodorod energiýasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barýandygyny hem belläp geçdi.

«Türkmenistanyň bu ädimlerini hyzmatdaşlygyň «ýaşyl geçelgelerini» döretmäge möhüm goşant, şol sanda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» strategiýalarynyň çäklerinde uly iş hasaplaýarys» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow