Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri german kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy
Jemgyýet
Türkmen halkynyň Milli Lideri german kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy
Çap edildi 29.09.2023
2502

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda german kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy.

«Soňky 25 ýylyň dowamynda iň häzirkizaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi.

Biz bu asylly işde german hyzmatdaşlarymyzyň baý tejribesini peýdalanýarys» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin german tarapyna minnetdarlygymy beýan etdi we türkmen tarapy geljekde hem german kompaniýalary bilen lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi, derman senagaty, telelukmançylyk usullaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, öňüni alyş, anyklaýyş hem-de dürli keselleri bejermek ulgamynda german hünärmenleriniň tejribesini peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny belledi.

«Şu ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda biz bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdik. Senagat toplumyny döretmek bu gurluşygyň möhüm ugurlarynyň biri bolmalydyr» – diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň «ýaşyl» ugurlydygyny hasaba almak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýandygyny nygtady.

«Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän german kompaniýalaryny bu toplumy döretmäge gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow