Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan ägirt uly işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, öňi bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasynyň kemala gelmegine mümkinçilik berdi. Taryh üçin uzak bolmadyk 32 ýyl gazanylan üstünlikleriň ähmiýeti boýunça asyrlara barabar döwür boldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, Türkmenistan okgunly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanaldy. Täze önümçilikler döredildi, olaryň öndürýän önümleri bolsa dünýä bazarlarynda mynasyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar-institusional özgertmeleri mundan beýläk-de ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş ýerlerini döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary depginli ösüşi saklamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistan tarapyndan özara bähbitli we deňhukukly esasda milli we halkara taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini berkidýär. Uglewodorod çig malynyň uly gorlarynyň özleşdirilmegi ykdysadyýeti depginli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň ykdysadyýeti diňe uglewodorod serişdelerine bagly bolman, Garaşsyzlyk ýyllarynda gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge uly üns berildi. Bu bolsa önümçilik senagatynyň pudaklaýyn düzüminiň köpdürlüligini üpjün edýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynyň üýtgäp durýan şertlerine baglylygyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ugry bolan gaýtadan işleýän pudaklar, ýagny himiýa, nebitgaz himiýasy, maşyn gurluşygy we metal işlemek, ýeňil we azyk senagaty hem-de beýleki pudaklar çalt depginlerde ösdürilýär. Senagat önümleriniň möçberi ýylsaýyn artýar, ýerli önümçiligiň hasabyna içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi ýokarlanýar, sebitlerde täze kärhanalar gurulýar, halkara we milli taslamalar durmuşa geçirilýär. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Garabogaz şäherinde azot dökünlerini öndürýän karbamid zawody, Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde aýna kombinaty we tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri önümçilik desgalary işe girizildi. Olar ýokary goşulan gymmaty bolan innowasion önümleri öndürmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda döwlete dahylsyz bölegiň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen baglydyr. Soňky ýyllarda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda onuň işini giňeltmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzümleri tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleriň täze görnüşleri özleşdirildi. Olaryň öndürilýän möçberi, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşleri artýar. Milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösmegi hususy telekeçiligiň işjeňleşmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Bu bolsa ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň artmagyna getirýär. 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny goşmazdan) döwlete dahylsyz bölegiň paýy 70,6 göterime deň boldy.
Geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, 2022-nji ýylda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän ähli görkezijileriň oňyn ösüş depginleri gazanyldy. 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň deňeşdirme nyrhlardaky artyş depgini 6,2 göterime deň bolup, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy we onuň düzüminde senagat pudagynyň paýy 33,7, oba hojalygynyňky 11,6, gurluşygyňky 6,9, ulag we aragatnaşyk pudagynyňky 8,8, söwda ulgamynyňky 18,4, beýleki hyzmatlaryňky 20,6 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň Döwlet býujeti ýurduň esasy maliýe guraly bolup, durmuş-ykdysady taýdan ösüşe gönükdirilýär. Býujet syýasatynyň esasy maksady döwlet girdejileriniň we çykdajylarynyň sazlaşykly ulgamy esasynda halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakdan, maliýe işini ýurduň geljekki ösüşine gönükdirmekden ybaratdyr.
Işlenip taýýarlanan strategik meýilnamalara laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi ýurdumyzyň býujet girdejilerini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Hususy bölegiň ykdysadyýetde paýynyň artmagy bilen, bu ulgamdan gelip gowuşýan býujet girdejileri hem artýar. Netijede, Döwlet býujetiniň girdeji binýadynyň giňelmegi täze önümçilikleriň we iş ýerleriniň döremeginiň, telekeçilik işini höweslendirmegiň hasabyna amala aşyryldy. Býujetiň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak we deňeçerlemek, şol sanda sebitleriň derejesinde deňeçerlemek arkaly olaryň netijeliligini üpjün etmek, peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek boýunça işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 75 göterime golaýy durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýär. Býujet amallarynyň aýdyňlygyny üpjün etmek we býujet işine sanly ulgamy doly ornaşdyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Ykdysady ösüşi höweslendirmek, salgyt ulgamyny ýönekeýleşdirmek, ýerli býujetleriň özbaşdaklygyny ýokarlandyrmak boýunça işler amala aşyryldy.
Döwlet býujetiniň durnuklylygyny üpjün edýän netijeli, durnukly salgyt ulgamyny döretmek maksady bilen, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we täze önümçilikleri döretmäge, olary pudaklaýyn ösdürmäge, bu ugra daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we innowasion ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işler alnyp barylýar. Salgyt syýasatynyň wajyp ugry bolan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet tarapyndan berilýän salgyt ýeňillikleri boýunça goldaw bermek işleri dowam etdirilýär. Häzirki wagtda salgyt salmagyň aýratyn tertibi bolan ýöriteleşdirilen erkin ykdysady zolaklary we gümrük zolaklaryny döretmek babatda işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda alnyp barlan netijeli pul-karz syýasaty milli pulumyzyň satyn alyjylyk ukybynyň berkidilmegi bilen, ykdysadyýetiň senagat we innowasion taýdan ösüşine goşmaça itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berýär. Kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak maýa goýum syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ýene-de bir wajyp ugry eýeçiligiň görnüşleri boýunça serişdeleriň bölünişini kämilleşdirmekden ybarat bolup, bu babatda daşary ýurt maýa goýumlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň hususy böleginiň serişdelerini amatly ugurlarda ulanmak göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawy ykdysadyýetde kiçi we orta telekeçiligiň tutýan paýyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Maýa goýumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Munuň üçin aýry-aýry ýurtlaryň maýa goýum özüne çekijiligini häsiýetlendirýän halkara reýtinglerde Türkmenistanyň görkezijilerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly işler alnyp baryldy. Kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy maýa goýumlaryň ýokary depginli ösüşini gazanmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alyp barýan işleriniň netijesinde maýa goýumlaryň uly bölegi önümçilik däl pudaklara gönükdirildi. Durmuş üpjünçilik desgalarynyň we inženerçilik ulgamlarynyň müňlerçesi gurlup ulanmaga berildi.
Maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmekdir. Munuň üçin hukuk binýady halkara standartlara laýyk getirilýär, daşary ýurtly maýa goýujylar üçin ýeňillikler we kepillikler kesgitlenilýär. Şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we karz edaralarynyň karz syýasaty, esasan, milli bazaryň ýagdaýyna hem-de pudaklaryň geljekki girdejilerine baglylykda alnyp barylýar. Karz edaralarynyň arasynda bäsdeşlik gurşawy hereket edip, karz hyzmatlarynyň elýeterliligi hem-de köp görnüşli bolmagy üpjün edilýär. Türkmenistanyň bank ulgamy ilkinjileriň biri bolup karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda bankara elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini ýokarlandyrmak, şol sanda raýatlara howpsuz, tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň ygtyýarly banklarynyň halkara ykdysady gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmak üçin bank ulgamynda ösen halkara tejribäni çekmek we milli tejribeleri peýdalanmak arkaly halkara hasaplaşyk amallaryny yzygiderli kämilleşdirmek ýaly çäreler amala aşyrylýar.
Ykdysadyýetimiziň köpugurlylygyny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek maksady bilen, döwlet we döwlete dahylsyz edara-kärhanalara, hususy telekeçilere önümçilik, dolanyşyk serişdelerini edinmäge, oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen we raýatlara sarp ediş maksatlary üçin karzlary bermek çäreleri amala aşyrylýar. 2011 — 2021-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilen umumy karzlaryň göwrümi 17,2 milliard manatdan 106 milliard manada çenli ýokarlandy. Onuň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 60 göterime deň boldy. Munuň özi bank ulgamynyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşini üpjün etmekde eýeleýän ornuny görkezýär. Bu karz serişdeleri ykdysadyýetimizde täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge, ýurduň ykdysady we azyk howpsuzlygynyň aýrylmaz bölegi bolan oba hojalyk pudaklarynyň, hususy bölegiň ukybyny artdyrmaga gönükdirildi. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işlere daşary ýurt maliýe guramalary işjeň çekilýär.
Pul-karz syýasaty bilen utgaşdyrylan býujet syýasatynyň alnyp barylmagy býujet ulgamynyň durnuklylygyny, döwletiň çykdajylar boýunça ähli borçnamalarynyň hökmany ýerine ýetirilmegini üpjün etdi. Milli ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi bilen baglylykda, halkara tejribeden ugur alnyp, Türkmenistanyň Bankara pul biržasynyň söwdalaryny kämilleşdirmek boýunça çäreler hem dowam etdirilýär.
Daşary ykdysady işiň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde dünýä eksportynda, şol sanda uglewodorod serişdeleriniň eksportynda ýurduň paýyny artdyrmak bilen, harytlaryň we hyzmatlaryň täze görnüşlerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça çäreleriň giň toplumy durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň çäklerinde haryt ýerlenilýän täze bazarlary özleşdirmek işi hususy pudak bilen bilelikde alnyp baryldy, dürli görnüşli himiýa, nebithimiýa, gurluşyk, azyk harytlary eksport edildi. Şunuň bilen birlikde, uglewodorod serişdeleriniň eksportyndan gelýän girdejiler ýurdumyzyň içerki toplamalarynyň we ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň möhüm çeşmeleriniň biri bolup durýar hem-de durnukly ykdysady ösüşi saklap galmaga ýardam edýär.
Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak bilen bagly geçirilýän işleriň netijesinde, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bu guramada synçy hukuk derejesi berildi. 2022-nji ýylyň fewralynda BSG-niň Baş geňeşiniň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan Türkmenistanyň arzasy makullanyp, ýurdumyza «goşulýan ýurt» derejesini bermek barada karara gelindi. Döwletimiziň BSG-ä agza bolmagy bilen bagly işler «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenendir.
Türkmenistanda döredilen kuwwatly senagat pudagy eksportyň möçberini artdyrmaga uly mümkinçilikleri berdi. Ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygy ýylsaýyn artyp, 2022-nji ýylda, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 33,1 göterim artdy. Şunlukda, daşary söwda dolanyşygynyň oňyn aratapawudy üpjün edildi. «Döwlet adam üçindir!» ýörelgesine laýyklykda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasaty durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerine ýetmäge hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlanmagynyň, zähmeti guramagy kämilleşdirmegiň, ilatyň durmuş üpjünçiligini durnukly ösdürmegiň, onuň ygtybarly maliýe esasyny emele getirmegiň maksatlary üçin binýatlyk şertleri emele getirdi.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagynda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmagyň we ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň meselelerini öwrenmek, olary düzgünleşdirmek, zähmet kanunçylygynyň, işgärleriň zähmet hukuklarynyň durmuşa geçirilişini üpjün etmek maksady bilen, etraplarda, etrap hukukly şäherlerde zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary hereket edýär. Olarda iş gözleýänleri hasaba almak, işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek işleri bilen bir hatarda, iş berijilerde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar hem jemlenilýär. Bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar metbugatyň üsti bilen ilatyň dykgatyna ýetirilýär hem-de internet sahypasynda yzygiderli ýerleşdirilýär.
Şeýle hem iş üpjünçiligi çygrynda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» portaly açyldy. Bu portalda guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, edaralar, guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar — hususy telekeçiler üçin özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi, iş gözleýänlere bolsa hödürlenen boş iş orunlaryna görä öz bilimleri, iş tejribesi, işlemek isleýän işleri barada maglumatlary girizip, işe ýerleşmek mümkinçiligi döredildi. «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilaty iş bilen üpjün etmek ulgamynda döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitledi.
Pensiýa üpjünçiligi döwletiň möhüm durmuş kepillendirmeleriniň biri bolmak bilen, ol ýurdumyzyň işjeň ilatynyň ählisiniň geljekki üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmagyna gönükdirilendir. 2022-nji ýylda, 2007-nji ýyla garanyňda, iri we orta kärhanalarda ortaça aýlyk iş haky 4,4 esse ýokarlandy. Bu ugurda halkara tejribeleri öwrenip, dürli ýurtlarda amala aşyrylan pensiýa özgertmeleriniň görkezen oňyn taraplaryny hasaba almak bilen, ýurdumyzda ilatyň pensiýa üpjünçiligini şertli-toplaýyş usulyny girizmek arkaly täzeçe guramak bellenildi. Täze usuly ornaşdyrmak Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň esasy wezipeleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem ilatyň durmuş taýdan goraglylygy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek we bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» we «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu Kanunlar 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi.
Täze kanunçylyk namalaryna laýyklykda, çaga doglanda tölenilýän döwlet kömek pulunyň, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, eklenjinde dört we şondan köp ýetim çagalar bolan maşgala tölenilýän ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberi ep-esli ýokarlandyryldy. Şunuň bilen birlikde, sekiz we şondan köp çagaly eneleriň pensiýa ýaşy 2 ýyl kemeldilip, olara 52 ýaşda pensiýa çykmaga hukuk berildi. «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere pensiýalarynyň ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenip başlandy. Mundan başga-da, adamlaryň aýratyn toparlaryna durmuş hyzmatlaryny etmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän «Durmuş hyzmatlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgütlerine laýyklykda, ýylyň-ýylyna pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagy raýatlaryň durmuş üpjünçiliginiň derejesiniň birsydyrgyn ýokarlanmagyna getirdi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan halkara standartlara we milli ykdysadyýeti dolandyrmagyň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli statistik maglumatlary öz wagtynda we doly möçberde ýygnamak, işlemek we ýaýratmak, ýurtda resmi statistikanyň guralyşyny döwrebap kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirilýär. Milli hasaplar ulgamynyň halkara standartyny ornaşdyrmagy dowam etdirmek boýunça usulyýet gollanmasyny kämilleşdirmek, statistik klassifikatorlary kämilleşdirmek boýunça işleri amala aşyrylýar. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini halkara tejribeden ugur almak arkaly hereket edýän standartlary yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, standartlaşdyrmak boýunça halkara we sebitara guramalar, daşary ýurtlaryň ygtyýarly edaralary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan ätiýaçlandyryş işiniň hilini ýokarlandyrmak we ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli çäreler alnyp barylýar. Ätiýaçlandyryş guramalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak hem-de ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Ähli gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär, halkara ätiýaçlandyryş işewürleriniň tejribelerine esaslanyp, ätiýaçlandyryş guramalarynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar yzygiderli guralýar.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bolup durýar. 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň ähli 17 maksadyny gazanmak boýunça borçlary öz üstüne alýan Türkmenistanda 2016-njy ýyldan başlap Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini we görkezijilerini millileşdirmek, ählumumy maksatlary Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrmak we olary ýurduň döwlet syýasatyna goşmak işleri başlandy. Şeýlelikde, ýurduň 2030-njy ýyla çenli ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan ösüşiniň wajyp ugurlary kesgitlenildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumda Türkmenistanyň birinji Meýletin milli syny 2019-njy ýylda, ikinji syny bolsa 2023-nji ýylda bu guramanyň agza ýurtlarynyň dykgatyna ýetirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak syýasaty esasynda ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalary işe girizildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan işjeň senagat syýasaty gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge, täze kärhanalary döretmäge we hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini saklamaga gönükdirildi.
Ýurdumyzda döwletiň gatnaşmagynda döredilen «Altyn asyr», «Türkmen hemrasy», «Aşgabat şäher telefon ulgamy», «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan ilatymyz ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Bu paýdarlar jemgyýetleri bilen bilelikde, hususy eýeçilikdäki kärhanalar hem ilata edilýän hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga işjeň gatnaşýarlar. «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmenistan awiakompaniýasy», «Demirýollary», «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi», «Awtomobil ulag hyzmaty», «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» we «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri ulag ulgamynda ýük we ýolagçy gatnatmakda öňdebaryjy orunlary eýeleýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň möhüm, eksport ugurly pudaklarynyň biri nebitgaz pudagydyr. Gaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegini dowam etdirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we gazyň eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär. 32 ýylyň dowamynda suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 11,7 esse köpeldi. Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynda-da uly möçberli işler amala aşyryldy. Elektrik energiýasyny köp talap edýän senagat pudaklaryny we ilaty üpjün etmek, daşary ýurtlara eksport artdyrmak maksady bilen, döwlet elektrik stansiýalarynyň we elektrik ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak işleri alnyp barylýar. 2022-nji ýylda 32,6 milliard kWt sagat energiýasy öndürilip, 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,2 esse ýokarlandy. Şol sanda eksportyň möçberi yzygiderli artýar. Gurluşyk pudagy hem ýokary depginlerde ösýän pudaklaryň hataryna degişlidir. Senagat, durmuş-medeni maksatly desgalary, döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Gurluşygyň işleriniň möçberiniň artmagy gurluşyk materiallary senagatynyň çalt depginde ösdürilmegini talap edýär. 2022-nji ýylda 2,9 million tonna sement öndürildi. Munuň özi 1991-nji ýyldakydan 3,2 esse köpdür.
Himiýa senagatynyň ösüşi Garabogazdaky, Tejendäki we Marydaky karbamid zawodlarynyň, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän, Gyýanlydaky polimer zawodlarynyň netijeli işleri bilen bagly boldy. Azotly, fosforly we kaliý dökünleriniň önümçilikleriniň ösdürilmegi üçin degişli işler alnyp barlyp, 32 ýylyň dowamynda mineral dökünleriň öndürilişi 4,4 esse köpeldi. Gymmatly himiýa çig maly bolan ýoduň öndürilişi soňky ýyllarda has artdyrylyp, 2022-nji ýylda 763,2 tonna ýetdi. Ýeňil senagaty gaýtadan işleýän senagatyň esasy düzüm bölegi bolup, sebitleriň iş üpjünçiligini üpjün edýän durmuş ähmiýetli kärhanalary özünde jemleýär. Döwrebap dokma senagaty kemala geldi. Bu pudakda 2022-nji ýylda 121,5 müň tonna nah ýüplük, 226,0 million inedördül metr nah mata öndürilip, olaryň möçberi 1991-nji ýyl bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 24,7 esse we 7,7 esse köpeldi. Bu bolsa senagat önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, onuň düzüminiň kämilleşdirilmeginiň esasynda gazanylýar. Halyçylygy döwrebap ösdürmek maksady bilen, Ahal welaýatynda Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň täze dolandyryş binasy, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda haly önümler kärhanasy, Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasy gurlup ulanmaga berildi.
Ulag we aragatnaşyk pudagynyň 2022-nji ýylda jemi içerki önümdäki paýy 8,8 göterim bolup, onuň işi ilatymyzyň ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak hem-de kommunikasiýa hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, üstaşyr ýük we ýolagçy dolanyşygyny artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 2022-nji ýylda ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük dolanyşygy 50,0 milliard t-km deň bolup, 1991-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 32,0 göterim ösüş gazanyldy. 2022-nji ýylda ýolagçy dolanyşygy 29,5 milliard ýolagçy km deň bolup, 1991-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,8 esse artdy.
Oba hojalyk pudagynyň jemi içerki önümiň düzümindäki paýynyň artmagy ýurdumyzda oba hojalyk syýasatynyň bazar gatnaşyklary esasynda alnyp barylmagy bilen baglydyr. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksporta ugradylýan oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça işler döwlete dahylsyz bölek bilen ysnyşykly alnyp barylýar. Pudak tarapyndan oba hojalyk önümleriniň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, ilaty ekologik taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we obalardaky ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar, pudagyň önümçilik binýady berkidilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan düzümleýin özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistanyň ykdysadyýeti öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Bu babatda 2007-nji ýyl möhüm sepgit boldy. Netijede, ilatyň maddy hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar, raýatlaryň durmuş goraglylygy güýçlenýär. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň, ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň ýokary depginde ösmegi ilatyň ýaşaýyş derejesiniň we satyn alyjylyk ukybynyň ýokarlanýandygyny, islegleriniň barha artýandygyny alamatlandyrýar. 2022-nji ýylda bölek-satuw haryt dolanyşygy, 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 12 esse artdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys. Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip belledi. Ýaşaýyş jaý gurluşygy durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Paýtagtymyzda ýerleşdirilişi gowulandyrylan we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynda, şol sanda hususy ýaşaýyş jaý gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylda ilatyň ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçiligi bir ýaşaýja ortaça 23,8 inedördül metr boldy. Munuň özi, 1991-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,1 esse ýokarydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýeti dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde yzygiderli ösdürilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, geljekde ýurdumyz has ýokary derejelere ýeter.
H.GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.