Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 27.09.2023
1010

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Bu gazanylan sepgit Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine berk ygrarlydygyny görkezýär. Birleşen Ştatlar hem-de Türkmenistan sebitde howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine, şol sanda terrorçylyga garşy göreşmek arkaly ýardam berýärler. Şeýle-de biz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak ugrunda bilelikde iş alyp barýarys. Ýurtlarymyzyň we Hökümetlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary bilen ilkinji sammiti geçirdik.

Öňümizdäki ýylda hem hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek ugrundaky tagallalarymyzy dowam etdirjekdigimize umyt edýärin. Sizi we ähli türkmen halkyny milli baýramyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn hem-de parahatçylyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Jozef Baýden,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Size bagtyýarlyk, ýurduňyzyň halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýollamak mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Naruhito,

Ýaponiýanyň Imperatory.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!

Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi, doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Taryhy we medeni köklerimiziň umumylygy baglanyşdyrýan ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup Türkiýe Respublikasynyň ykrar edendigine hemişe buýsanýarys. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, sebit we halkara derejede-de mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hindistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň ýurtlarymyz ýakyn dostlukly gatnaşyklary saklaýar. 2022-nji ýylyň aprelinde Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary we şu ýylyň iýul aýynda Hindistanyň başlyklyk etmeginde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisine Siziň Alyhezretiňiziň gatnaşmagy biziň hyzmatdaşlygymyzy has-da ösdürdi. Bu gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň özara bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Draupadi Murmu,

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlamaga şatdyryn. Size we türkmen halkyna abadançylyk arzuw edýärin.

Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn. Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň işjeň tarapdary bolup durýandygyna Sizi ynandyrmak isleýärin. Munuň özi sebit gatnaşyklarynyň giňeldilmegine goşant bolar.

Jenap Prezident, Size hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Klaus Werner Ýohannis,

Rumyniýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyzlyk ýyllarynda Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri ýurduňyzyň gülläp ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezýär.

Özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan, wagtyň synagyndan geçen belarus-türkmen gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Azerbaýjanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de ýurduňyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki günde doganlyk Türkmenistan ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetdi. Biz halklarymyzyň taryhy we medeni kökleriniň umumylygyna esaslanýan azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde özara düşünişmäge hem-de goldaw bermäge esaslanýan däp bolan dostlukly, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň ýurtlarymyzyňdyr halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Bu baýramçylyk gününde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

doganym Serdar Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Soňky habarlar
04.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çad Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi
03.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
03.10
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
03.10
Ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
02.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow