Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «CLAAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «CLAAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2023
2189

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi.

Myhman duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda «CLAAS» kompaniýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Ýurdumyzda oňyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň baş baýramy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzere minnetdarlyk bildirip, onuň şu saparynyň we meýilleşdirilen gepleşikleriň netijeleriniň «CLAAS» kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky işini giňeltmäge, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, «CLAAS» kompaniýasy köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyz bilen gatnaşyk edýär, hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýlup, oňyn tejribe toplandy. Kompaniýanyň ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalary Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüni oňat tarapdan görkezdi, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde bu kompaniýanyň okuw merkezleri hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň germaniýaly hyzmatdaşlarymyzyň geljekki hyzmatdaşlyk babatda tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy Katrina Klaas-Mýulhoýzer netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
top-arrow