Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi
Jemgyýet
Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi
Çap edildi 24.09.2023
3147

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dolandyryş binalary, bilim we saglyk edaralary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanmaga berildi. Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, öz gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda bina edilen Arkadag şäheri iri ylym-bilim, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüler.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkara sylaglarynyň 21-sine mynasyp bolan bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda «akylly şäher» konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl tehnologiýalar» giňden ulanyldy hem-de şäheriň derejesi we ähmiýeti ýurdumyzyň kanunçylygynda hukuk taýdan berkidildi.

«Şunuň bilen baglylykda, dünýäde mynasyp orny eýelemegi üçin, Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy hem maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow