Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Sirk sungatynyň ýyldyzlarynyň baýramçylyk çykyşlary
Medeniýet
Sirk sungatynyň ýyldyzlarynyň baýramçylyk çykyşlary
Çap edildi 19.12.2016
2215

Şu günler Aşgabadyň Döwlet sirkinde baýramçylyk mynasybetli daşary ýurtly artistleriň “Müsür şazadasy we nuba ýolbarslary” atly ilkinji sirk maksatnamasynyň çäklerindäki çykyşlar başlandy. Ol aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky ajaýyp sowgada öwrüldi. Sirkiň tomaşaçy orunlary doldy. Her kim nuba ýolbarslaryny görmek islegi bilen bu ýere geldi. Bu ýolbarslar Afrika ýolbarslaryndan has iri we örän gaharly görünýär. Ýolbarslary eldekileşdirijileriň yhlasy we zehini sirk sungatynyň muşdaklary üçin täsin tomaşa bolup durýar. Aleksandr Loginowyň we Wladimir Sozanowyň “Yrgyldy” diýlip atlandyrylan adaty bolmadyk çykyşy bilen sirk maksatnamasy başlandy. Ýörite gurnalan iki sany halka yzygiderli yrgyn atyp dur. Artistler şol halklaryň üstünde ýerleşip, yrgylda goşulýarlar. Aleksandr we Wladimir halkalaryň yrgyldylarynyň sazlaşygynda öz orunlaryny çalyşýarlar we halkyň içine giren belka mysaly deňagramlylygy saklaýarlar. Haýran galýan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda artistler öz çeeligini, batyrgaýlygyny we sowukganlylygyny görkezdiler. Tatýana we Iwan Romanowlar tomaşaçylara “Romantiki görnüş” atly howa gimnastika çykyşlaryny görkezdiler. Olar sirkiň gümmeziniň astyndaky belentlikde dürli çylşyrymly hereketleri görkezdiler. Ol çykyşlar diňe bir töwekgelçilikli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hakykatdan-da, höweslendirijilir. Soňra sirk sahnasynda tanapda ýöreýän doganlar Bekzot we Jamşit Taşkenbaýewler peýda boldular. Olar sirk arenasynyň iň belentliginde çykyş edip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrýarlar. Başyňy aýlaýan hereketler bilen doganlar dürli şekilleri emele getirdiler. Şadyýan masgarabaz Mihail Mingazowyň ussatlygy tomaşaçylarda şowhunly gülküleri emele getirdi. Artist özüniň eldekileşdiren güjügi bilen gyzykly çykyşy ýerine ýetirdi. Ýeri gelende aýtsak, Mihail bu güjügi köçeden ýygnap, ony sirk artistine öwürdi. Mingazowyň bu güjügini “Mosfilm” kinostudiýasynyň işgärleri görüp, ony “Margarita Nazarowa hakynda” atly kinofilmde surata düşmäge çagyrypdyrlar. Masgarabaz Mihail diňe bir tomaşaçylary şatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem sirkiň indiki çykyşyna görülýän taýýarlyk wagtyny netijeli geçirýär. Soňra sahnada polat simlerden ýasalan şar oturdylýar. Wladimir Sozanowyň ýolbaşçylygyndaky iki motosikletçi “Batyrgaýlyk şary” diýlip atlandyrylýan moto-şüweleňine başlaýar. Oňa münberde oturan tomaşasy hem çagyrylýar. Artistler şüweleňiň tizligini anyk görkezijä ýetirmek arkaly şaryň içinde yzygiderli hereketi amala aşyrýarlar. Sirk çykyşlarynyň birinji bölümini Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky şöhratly “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň atlylary jemledi. Olar joşgunly çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdylar. Örän çee we batyr ýigitler çapyp barýan bedewlere atlanyp, dürli çykyşlary ýerine ýetirýärler. Munuň özi örän täsirli tomaşa hasaplanylýar. Göze gelüwli lybaslar, ajaýyp bedewler we öz hünärine ussat atlylar çykyşlary bilen tomaşaçylary haýran galdyrýar. Şeýle hem sirk çykyşlaryna tomaşa etmäge gelenler “Müsüriň şazadasy” Hamad Kutani uly şowhun bilen garşyladylar. Örän batyrgaý eldekileşdiriji on sany ýolbarsyň we üç gaplaňyň arasyna eline bambuk taýajygyny alyp girdi. Onuň eldekileşdiren haýwanlary şazadanyň her bir emrini gyşarnyksyz ýerine ýetirýärler. “Güneş” diýlip atlandyrylan çykyşda ýyrtyjy haýwanlar ortada goýlan sekä öň aýaklaryny atyp, eldekileşdirijiniň yzy bilen hereket edýärler. Hamadyň eldekileşdiriji hökmündäki artykmaçlygy şu çykyşda ýyrtyjylaryň hemmesi gidip, diňe biri galýar, ol eldekileşdirijini penjeleri bilen gujaklap, ýalbarýan şekili döretmeginde ýüze çykýar. Bu görnüşler tomaşaçylarda örän uly täsir galdyrdy we şowhunly el çarpyşmalaryň döremegini şertlendirdi. Ýurdumyzda baýramçylyk şowhunyny, ägirt uly ýokary ruhy göterilişi özünde jemleýän sirk sungatyny giňden wagyz etmekde we baýlaşdyrmakda halkara döredijilik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine nobatdaky goşant bolan ajaýyp sirk maksatnamasy tomaşaçylaryň hakydasynda uzak wagtlap saklansa gerek.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow