Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi
Jemgyýet
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi
Çap edildi 24.09.2023
2187

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

«Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar.

«Bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçiren umumy sapagymda hem giňişleýin durup geçdim. Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenleriň döwleti emele getirmekde we dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda toplan baý tejribesi hakynda gürrüň etdim» – diýip, Gahryman Arkadagymyz ýatlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn belleýşi ýaly, Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi, ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr!

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow