Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pederlerimiziň däplerini dowam etmegi çagyrdy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pederlerimiziň däplerini dowam etmegi çagyrdy
Çap edildi 24.09.2023
2662

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik däplerini dowam etmegi çagyrdy.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

«Türkmen halky döwlet gurujy halkdyr. Biz döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilik däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti döretdik» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine görä, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir.

«Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny –  Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» – diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow