Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezindäki maslahat
Jemgyýet
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezindäki maslahat
Çap edildi 05.09.2023
2689

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly dabaraly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan bu maslahat Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlandy.

Dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň taryhy, ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipeleri we borçlary baradaky umumy sapagynyň parasatly mazmuna hem-de akyl-paýhasly pikirlerdir öwüt-ündewlere örän baýdygy nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berdi hem-de ýaşlaryň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi.

Gahryman Arkadagymyz umumy sapagyň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribelerimiz hakynda söz açyp, beýik geljegimiz barada pikir alyşdy. Dabaraly ýagdaýda geçen maslahata gatnaşyjylar hormatly Arkadagymyzyň parasatly pikirleriniň ýaşlary milli ruhy gymmatlyklar esasynda ahlak taýdan terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Watanymyzyň abraýyny hem-de mertebesini belende götermek, adam hakdaky alada Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýän ýoldur. Bu ýol dünýä derejesinde dabaralandyrylýan türkmeniň milli döwletliliginiň ýoludyr. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ýol-ýörelgeleri häsiýetlendirip aýdan çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän ajaýyp sözleri mysal getirildi. Bu nusgalyk ýoldan ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe gitmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: “Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýip aýdan ajaýyp sözleri dabaraly maslahata gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Maslahatyň ahyrynda şeýle gymmatly, çuňňur akyl-paýhasa we öwüt-ündewlere ýugrulan, taryhy-syýasy ähmiýetli ajaýyp sapagy geçirendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, alkyş sözleri aýdyldy hem-de Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, Watanymyzyň röwşen geljegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow