Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan — BMG: halkara gatnaşyklarda ýaşlar öňdebaryjy orundadyr
Teswirlemeler
Türkmenistan — BMG: halkara gatnaşyklarda ýaşlar öňdebaryjy orundadyr
Çap edildi 30.08.2023
1372

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda ýaş nesle bildirilýän ýokary ynamyň aýdyň güwäsidir.

Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başlanan ägirt uly özgertmeleri dowam etdirmelidirler, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmelidirler, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da artdyrylmagyna, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmelidirler. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada beýan eden başlangyjy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur! Türkmenistanlylar bu pikiri biragyzdan makulladylar we goldadylar. Onda halypalygyň asylly däpleri, döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapdy.

Şeýle hem geçen ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda maksada okgunly, ýokary hünärli, taýýarlykly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýelemegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesli häzirki döwürde geljegi döredijiler diýip atlandyryp bileris. Watanymyzyň gazanan üstünliklerinden ylham alýan bagtyýar ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekýärler, milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim, jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçiriljek nobatdaky 78-nji sessiýasynda beýan ediljek ileri tutulýan garaýyşlarda hem ýaşlar meselesiniň bolmagy tötänden däldir.

Ileri tutulýan garaýyşlar däp bolan has möhüm ulgamlary öz içine alýar. Ýurdumyz bu ulgamlar boýunça BMG-niň beýleki agza döwletleri, şeýle hem edaralary, düzümleri, agentlikleri we institutlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr.

BMG-niň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk we adalatlylyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça giň halkara hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini yzygiderli beýan edýär.

Ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmegi dowam etmek bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ählumumy ösüşiň binýatlaýyn ugurlary boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen täze möhüm başlangyçlary bilen çykyş edýär.

Aýdyň geljegi gurmaga işjeň gatnaşýan ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy şol ugurlaryň biridir. Giň mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, ýaş nesil ählumumy durnukly ösüşe ägirt uly goşant goşýar we umumy bähbidiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini açýar.

Sebit ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmegi teklip edýär. Bu dialog ýaş nesliň başlangyçlarynyň we mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine itergi beriji gural bolar.

Mälim bolşy ýaly, ruhubelent, ýokary ahlakly, bilimli we sagdyn bedenli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň strategik wezipeleriniň biridir.

Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi, olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasaty, ilkinji nobatda, bu ugra gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk esasyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny işlenip taýýarlanyldy hem-de rejelenen görnüşde kabul edildi. Şunda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şunda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek, olaryň Watanymyza hem-de taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrmak esasy maksatlaryň hatarynda durýar.

Garaşsyz döwletimizde ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin döredilýän durmuş ýeňillikleri artdyrylýar. Olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýaşlara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olary iş bilen üpjün etmek, hünäri saýlap almak meselelerini çözmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna, şol sanda ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşiniň ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nazara almak bilen, bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda her ýyl orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary, sagaldyş we sport merkezleri giň gerimde gurlup ulanmaga berilýär. Asylly däbe görä, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem täze bilim edaralary, şol sanda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumlary açylyp ulanmaga berler.

Arkadag şäherinde Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we beýlekiler dabaraly açylar.

Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabaralary bolar.

Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, ýaşlar daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde hünär bilimini alýarlar, halkara bilim, döredijilik we sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler hem-de ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi häzirki zaman jemgyýetinde ýaş türkmenistanlylaryň tutýan ornuny berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň biri boldy. Bu Strategiýa ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda tassyklanyldy. Bu işde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy esasy orny eýeleýär. Ýyllaryň dowamynda bu gurama tejribe alyşmak, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, olary durmuş taýdan goldamak, işewürlik we döredijilik işine ýardam bermek maksady bilen, dünýäniň köp ýurtlarynyň degişli düzümleriniň işjeň hyzmatdaşy bolup gelýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmeginiň ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy bolandygyny bellemek gerek. Bu şatlykly waka ýurdumyzyň BMG-niň abraýly düzümine girmeginiň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy bilen gabat geldi. ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary açyldy. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy bu guramanyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy türkmen ýaşlarynyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar, bu gatnaşyklar guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan gyzykly we geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge, olary höweslendirmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, öňümizdäki aýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde türkmen tarapyndan öňe sürüljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini ýurdumyzda geçirmek teklibi aýratyn wajyp ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini bellemelidiris. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu düzüm türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň gatnaşmagynda döredildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamak, bu mümkinçilikleri ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi pugtalandyrmak babatda ulanmakda hyzmatdaşlyk etmek Zenanlar dialogynyň ileri tutýan ugurlarydyr. Dialogyň beýleki ugurlary Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň forumynyň jemleri boýunça kabul edilen Jarnamada özüniň beýanyny tapdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, türkmen tarapy häzirki wagtda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlarynda BMG-niň düzümleri, şol sanda guramanyň Dünýä gurluşygy boýunça komissiýasy, “BMG — Zenanlar” düzümi we beýlekiler bilen “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlaryň dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek teklip edilýär.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinde hereket edýän meňzeş guramalaryň arasynda maglumatlary we iň gowy tejribeleri alyşmak üçin meýdançany döretmek, bilelikdäki çäreleri, forumlary we okuw maslahatlaryny guramak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna eýe bolýan bu başlangyçlar we teklipler goňşuçylygyň taryhy köklerine, özara hormat goýmaga, dost-doganlyga, sebitiň halklarynyň ruhy ýakynlygyna esaslanýan köpugurly dialogy hemmetaraplaýyn esasda mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam eder.

Ynanyşmaga we umumy bähbitlere esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esaslandyrylan berk binýady Merkezi Aziýa döwletlerine geljege ynamly garamaga, hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň gerimi boýunça uzak möhletleýin we durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge şert döredýär.

Şeýlelikde, ýokarda agzalan ileri tutulýan garaýyşlarda beýan edilen Türkmenistanyň başlangyçlarynyň we teklipleriniň durmuşa geçirilmeginiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, tutuş dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde netijeli esas bolup biljekdigini häzirden aýtmak bolar.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
01.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
30.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.04
«Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak barada HJ «Baş bina» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
30.04
Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär
30.04
Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi
30.04
Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygy
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow