Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy
Jemgyýet
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy
Çap edildi 19.08.2023
3155

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi halkara jemgyýetçilik tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi.

Bu jemgyýet ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. Ol ÝUNESKO-nyň ýaşlar babatyndaky başlangyçlarynyň we beýleki ugurdaş taslamalaryň arasynda özara hereketleriň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlary öz guramalarynyň işine giňden çekmäge, ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär. Ol şeýle hem ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar we ýaşlaryň guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow