Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2023-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2023-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 08.08.2023
1213

Geçen aý netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan wakalar bilen ýurdumyzyň işjeň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze öwüşgin çaýdy. Bu döwürde geçirilen duşuşyklar we gepleşikler, forumlar, syýasy geňeşmeler, maslahatlar, sergiler ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralýan çäreler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam berýär.

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda 30-njy iýun — 4-nji iýul aralygynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň parahatçylyk diplomatiýasyna, ykdysady hyzmatdaşlyga, medeni dialoga, ekologik durnuklylyga we terrorçylyga garşy göreş alyp barmaga ygrarlydygy bellenildi. Mejlisiň ahyrynda Wankuwer Jarnamasy kabul edildi.

1-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Siýong Zou bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar gurama bilen mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlyk etmek, senagat pudagynda, energetika, ekologiýa, sanlylaşdyrma ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde birnäçe giň gerimli çäreler geçirildi. 1-nji iýulda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy” atly halkara ylmy maslahat guraldy. Şol gün täze şäheriň oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany” atly halkara maslahatyň gün tertibine atşynaslykda gazanylan üstünlikler we bu pudagy ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle hem şol gün futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahaty geçirildi.

2-nji iýulda Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahat, 3-nji iýulda bolsa utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat guraldy. 4-nji iýulda gurluşyk toplumynyň edara binasynda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirilip, ol täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi.

5-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň döwlet sekretarynyň parlament işleri boýunça orunbasary Leo Doherti bilen geçirilen gepleşiklerde özara hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary ýaly giň toplumyny özünde jemleýän möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda meýiller barada Teswirnama gol çekildi.

Şol gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek maksatnamasynyň 7-nji tapgyrynyň ýolbaşçy toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň, Ýewropanyň birnäçe institutlarynyň we ÝB-niň ugry boýunça alnyp barylýan maksatnamalaryň wekilleri gatnaşdy. 6-njy iýulda Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek maksatnamasynyň 7-nji tapgyrynyň ýolbaşçy toparynyň mejlisiniň çäklerinde «Çilim çekmegiň we alkogolly içgileri ulanmagyň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň tejribesi» atly goşmaça mejlis geçirilip, onuň maksady ilatyň saglygyny goramak hem-de gowulandyrmak babatda täze mümkinçilikleri döretmek üçin gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

7-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň ýolbaşçylygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Onuň gün tertibine howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmek, energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny durnuklylaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek ýaly meseleler girizildi.

8-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti Tailandyň Bangkok şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşdy.

10-njy iýulda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bilelikde alnyp barylýan işleriň ugry, şol sanda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu edebi-filosofik eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary, şeýle hem awtoryň çuňňur manyly pikir-garaýyşlaryny özünde jemleýär.

10-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak häsiýetine eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.

11-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýoşikawa Ýumi bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisiniň dowamynda bu ugurda ileri tutulýan meseleleriň toplumyna, hususan-da, wodorod energetikasy ulgamynda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek, bu ugry ösdürmek babatda daşary ýurt tejribesini öwrenmek, ylmy binýady pugtalandyrmak we ýokary derejeli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Hameli bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleriň giň ugry ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

17-nji iýulda türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” ady bilen guralan Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Çykyş edenler Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanyň orta we uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalaryna we strategiýalaryna ýokary derejede ornaşdyrylýandygyny bellediler.

Şeýle hem şol gün BMG-niň ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan “Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM — 11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň nusgasy” atly mowzuklaýyn çäre guraldy. Onuň dowamynda “akylly” şäher taslamasynyň Türkmenistanyň Hökümetiniň häzirki zaman şäher gurluşygy, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, saglygy goraýyş, sanly lukmançylyk, ekologik durnuklylygy pugtalandyrmak ulgamlarynda durmuşa geçirýän tagallalarynyň görkezijisi bolandygy nygtaldy.

17 — 21-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Doksu, söwda, senagat we energetika ministri Li Çang Ýan, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku hem-de öňdebaryjy kompaniýalaryň we işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, parlamentara ugur boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

19-njy iýulda Daşary işler ministrliginde GDA-nyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda sebitdäki halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, Türkmenistanyň ýol gurluşygy pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, giňeltmäge we içerki ulaglary birleşdirmek üçin täze ulag-aragatnaşyk torlaryny döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň, ýurdumyzda multimodal ulagyň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

20-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen bolan duşuşyklarynda parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

22-nji iýulda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň bu düzümiň iri bölümlerinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ylmy gatnaşyklary, sanly taslamalar boýunça gatnaşyklary giňeltmek, maglumatlary alyşmak ýaly wajyp meseleler boýunça pikir alşyldy.

24-nji iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi hem-de ýakyn geljekde ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.

Şeýle-de şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde netijeli döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklarda, “ýaşyl” tehnologiýalarda, önümçilik pudagynda, energetika, oba we suw hojalygy, bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi.

29-njy iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde toparyň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin anyk wezipeler kesgitlenildi.

31-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, partiýanyň Sinhaý welaýat komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Tunis Respublikasynyň, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary, şeýle hem abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Şeýlelikde, milli, sebit we ählumumy ähmiýetli wakalara baý bolan iýul aýy Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli hem-de özara ynanyşykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarly ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow