Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi
Jemgyýet
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi
Çap edildi 23.07.2023
2188

Şu gün Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäre hereket edýän saýlaw kanunçylygyna we Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyna laýyklykda guraldy.

Bu gezekki saýlawlarda Geňeş agzalarynyň 5 ornuna 10 dalaşgär görkezildi. Olar ýurdumyzyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy tarapyndan hödürlenildi. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolup durýan Geňeşleriň agzasy bolmak hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly abraýdan we ynamdan peýdalanýan mynasyp adamlar dalaş etdiler.

Şäherçäniň çäginde saýlaw okruglarynyň 5-si we Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdepde ýerleşýän 1 saýlaw uçastogy döredildi. Ses bermek hukugyna eýe bolan saýlawçylaryň 236-sy bellige alyndy.

24-nji maýda badalga berlen dalaşgärleri hödürlemek çäresi ýokary raýat işjeňligi esasynda geçdi. Ähli saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe adam görkezildi. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini alamatlandyrýar. Dalaşgärleriň ýaryna golaýynyň zenanlardygyny bellemeli.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, 13 — 22-nji iýul aralygynda möhletinden öň ses bermek çäresi geçirildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, uzak möhletleýin iş saparyna gidýän we zähmet rugsadynda bolýan, şeýle hem haýsydyr bir sebäbe görä, saýlawlar gününde saýlaw uçastogyna gelip, mynasyp gören dalaşgärine ses berip bilmejek adamlar üçin guraldy. Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesinde bellige alnan saýlawçylaryň 236-synyň 7,63 göterimi möhletinden öň ses berdiler.

Milli synçylaryň belleýişleri ýaly, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary milli saýlaw kanunçylygyna we halkara kadalara laýyklykda geçdi. Dalaşgärlere wagyz-nesihat işlerini alyp barmaklary üçin deň derejeli şertler döredildi. Her bir saýlawçy ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaş edýänler hakynda doly maglumat almak, dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşmak, olara özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermek mümkinçiligine eýe boldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, agşam sagat 19:00-a — saýlaw uçastogynyň ýapylýan wagtyna çenli Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň umumy sanynyň 92,37 göterimi ses berdi. Günüň dowamynda merkezi saýlaw toparynyň saýtynda saýlaw uçastogyndan göni alnyp görkeziliş ýola goýuldy. Munuň özi saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk esasynda geçirilendigini görkezýär.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýip hasap edildi. Milli kanunçylygyň düzgünleri esasynda saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow