Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2023-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2023-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 11.07.2023
1998

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Açyk gapylar» hem-de giň hyzmatdaşlyk syýasaty syn berilýän aýda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň aýry-aýry döwletleriň we abraýly guramalaryň wekilleri bilen geçiren syýasy geňeşmelerinde, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşdäki köp sanly duşuşyklarynda, sergilerde, işewürlik maslahatlarynda, medeni çärelerde öz beýanyny tapdy. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli dialog Garaşsyz Türkmenistanyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary 1-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçiren duşuşyklarynyň esasy mowzugy boldy. Bellenilişi ýaly, guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylmagy Türkmenistanyň we ÝHHG-niň uzak möhletleýin gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge çalyşýandyklarynyň subutnamasy boldy.

1-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky türkmen-fin geňeşmeleri geçirildi. Onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen aýyň başynda Ermenistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm binýat boldy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, türkmen halkynyň taryhyna, özboluşly däp-dessurlaryna, Gündogaryň akyldary we görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerine bagyşlanan amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi guraldy.

2-nji iýunda Çolpon-Ata şäherinde (Gyrgyz Respublikasy) geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky ýokary derejeli sammite Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gatnaşdylar. Sammitde Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda, üstaşyr ulag, sanlylaşdyrma, daşky gurşawy goramak, serhet howpsuzlygy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, bilim, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlaryndaky meselelere garaldy.

5-nji iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon hem-de ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriň bilelikdäki mejlisiniň Teswirnamasynda görkezilen taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Şol gün Duşenbe şäherinde (Täjigistan Respublikasy) geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine we AHHG-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Merkezi Aziýa: güýçli sebitleýin institut arkaly durnukly geljege tarap» atly halkara maslahata Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetleri, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, şeýle-de onuň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, AHHG-nyň guramaçylyk gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça iş toparynyň alyp baran işleriniň netijeleri, guramanyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý çäreleriniň guramaçylygy we geçirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň jemleri boýunça AHHG-nyň müdiriýetiniň birnäçe çözgütlerine gol çekildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli 5-nji iýunda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

5-6-njy iýunda Tbilisi şäherinde (Gruziýa Respublikasy) geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisiniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi we iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda, şol sanda maýa goýum, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk ugurlarynda mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

4 — 7-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Rim şäherine (Italiýa Respublikasy) amala aşyran iş saparynyň maksady türkmen medeniýetine degişli mirasy halkara jemgyýetçilikde ýaýbaňlandyrmakdan, gaýtalanmajak taryhy, arheologik we etnografik gymmatlyklaryň sergisini guramakdan ybarat boldy. Saparyň barşynda Italiýanyň medeniýet ministri, Rim şäheriniň häkimi bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri, şol sanda Italiýada Türkmenistanyň täsin taryhy gymmatlyklarynyň sergisini geçirmek üçin netijeli ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

7-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak bilen bagly mejlis geçirildi. Onda ýakyn ýyllarda Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň ýurt boýunça maksatnamasynyň deslapky taslamasynda görkezilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy.

7-8-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýeti Soçi şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine, 3-nji Ýewraziýa kongresiniň, GDA-nyň we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşdy. Bu çäräniň çäklerinde “Ýewraziýa — biziň öýümiz” atly sergi guraldy. Sergide ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň önümleri görkezildi.

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen geçiren duşuşygynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

8-nji iýunda BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen sanly ulgam arkaly duşuşykda Birleşen Milletler Guramasy bilen dürli ugurlarda, şol sanda durnukly ösüş, sanlylaşdyrma, durnukly ulag, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, milli medeni mirasy gorap saklamak, bilim, saglygy goraýyş ulgamyna iň gowy tejribeleri girizmek we ornaşdyrmak boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-nji iýunda Daşary işler ministrliginde geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça geçirilen bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi.

Şol gün Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi 12-13-nji iýunda Mejlisde we Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen geçirilen pikir alyşmalaryň esasy mazmunyny düzdi.

12-nji iýunda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri bilen geçirilen duşuşykda öňde durýan bilelikdäki taslamalar we çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

13 — 16-njy iýunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýä halklarynyň saz sungatyna, milli medeniýeti gorap saklamaga, wagyz etmäge bagyşlanan “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly hem-de “Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

19-njy iýunda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Grote bilen geçirilen duşuşykda halkara gün tertibiniň giň ugurlary boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda 19-20-nji iýunda Nýu-Ýorkda Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli hepdeligiň çäreleriniň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow, şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň kömekçisi, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ýurdumyzyň häzirki döwrüň meselelerini çözmek üçin BMG we bu guramanyň hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygy nygtaldy.

19-njy iýunda ýurdumyzda iş sapary bilen bolan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen Mejlisde hem-de Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

20-nji iýunda Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň işewürler birleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak esasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

Şeýle hem şol gün Aşgabatda utgaşykly görnüşde “Sebitde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak boýunça çäreler üçin maliýe we maýa goýum goldawy” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň netijesinde Jemleýji Beýanat kabul edildi.

21-nji iýunda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

21-22-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň (BAE) Baş direktory Nikolaý Mladenow hem-de akademiýanyň mugallymlary bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda akademiýanyň usulyýet we okuw maksatnamasy, ylmy-barlag, neşirýat, ylmy-amaly işleri barada maglumat berildi.

Türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäginde ýurduň Strategik ylmy-barlag we işläp taýýarlamalar merkeziniň baş direktory, BAE-niň daşary işler ministriniň halkara gatnaşyklary ösdürmek boýunça kömekçisi bilen geçirilen gepleşiklerde dostlukly döwletara gatnaşyklara, abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ygrarlylyk tassyklanyldy.

23-nji iýunda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen türkmen-italýan we türkmen-litwa geňeşmelerinde hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar, şeýle hem halkara düzümleriň ugurlary boýunça giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

24 — 28-nji iýun aralygynda ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçirildi. Onuň çäklerinde folklor we tans toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary, sazandalaryň, opera aýdymçylarynyň döredijilik konsertleri, fotosuratlaryň hem-de çagalaryň çeken suratlarynyň sergisi guraldy.

26-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahatyň baş maksady Magtymgulynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmekden, wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň diliniň we edebiýatynyň özara baglanyşygy boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden ybarat boldy.

27-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Siszýun bilen geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

28-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy we “Kawasaki Heavy Industries, Ltd” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory hem-de Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyklarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygy bellenildi. Şol gün Daşary işler ministrliginde Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary Lezsak Sandor bilen geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasynda söwda, ulag, maýa goýum, energetika, ekologiýa, oba hojalyk, syýahatçylyk we beýleki ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

30-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen şäherleriň häkimleriniň forumyna Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Açylyş dabarasyna gatnaşanlar Arkadag şäheriniň «Asyryň şäheri» diýlip atlandyrylmaga mynasypdygyny bellediler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan şäheriň gurluşyk, binagärlik, bezeg, logistika, tehnologik çözgütlerine, durmuş derejesine ýokary baha berildi. Şol gün Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumynda daşary ýurt maýadarlarynyň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmek meselelerine seredildi. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem birnäçe resminamalara, şol sanda eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalara gol çekildi.

30-njy iýunda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — sanly we “akylly” tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu ägirt uly taslamanyň Türkmenistan üçin ähmiýeti we ony geljekde-de durmuşa geçirmek, tejribe alyşmak, “akylly” şäher konsepsiýasyny işjeň ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri forumyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Şol gün Arkadag şäherinde ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Mediaforuma gatnaşyjylaryň bellemeklerine görä, Arkadag şäheriniň açylmagy Türkmenistanyň ekologik wezipeleri çözmek we adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şähergurluşyk taslamalaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňdäki orny eýeleýändiginiň subutnamasydyr.

Şeýle hem şol gün Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatory Çžao Gan bilen geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alşyldy.

Geçen aýda Daşary işler ministrliginde Moldowa Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Slowakiýa Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri kabul edildi. Duşuşyklaryň dowamynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda BMG, ÝB we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, iýun aýynyň möhüm halkara wakalaryna berlen syn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň, ählumumy abadançylygyň bähbidine alyp barýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow