Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamy iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär
Jemgyýet
Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamy iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär
Çap edildi 29.06.2023
3532

Ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şäher ─ Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynyň desgalary iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär.

Şeýlelikde, özünde birnäçe desgalary birleşdirýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi täze şäheriň durmuş düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar. Şolaryň hatarynda 350 orunlyk Köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, Saglyk öýi, şeýle hem ýöriteleşdirilen ulag serişdeleriniň dürli görnüşlerine eýe bolan uly awtomobil kompaniýasy bar.

Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen bu desgalaryň ählisi Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň binasy esasy we oňyn ýanaşyk binalardan ybaratdyr. Toplumyň çep ganatynda arassaçylyk-epidemologiýa gullugy, sag ganatynda bolsa dermanhana gullugy ýerleşýär.

Şäheriň saglygy goraýyş edaralarynda dürli ugurly ýokary hünärli hünärmenler işleýärler. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin ähli şertler döredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Arkadag şäheri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-saglygy goraýyş ulgamynda gazananlarynyň, bu ulgama öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy üstünlikli ornaşdyrmagyň aýdyň mysalyny alamatlandyrýar.

Şeýle hem merkeziň edara binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sawat gaznasynyň ştab kwartirasynyň ýerleşýändigini aýratyn bellemek gerek.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow