Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Döwlet muzeýinde Medeniýet hepdeliginiň açylyşyna bagyşlanan çäreler geçirildi
Medeniýet
Döwlet muzeýinde Medeniýet hepdeliginiň açylyşyna bagyşlanan çäreler geçirildi
Çap edildi 22.06.2023
3251

Medeniýet hepdeliginiň açylyşyna bagyşlanan çäreler günüň ikinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dowam etdi.

Bu ýerde “Muzeýlerde gurnalan sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň muzeý işini ösdürmekdäki ähmiýeti” atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty hem-de muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işini kämilleşdirmekde dünýä tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwlary geçirildi.

Medeniýet pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri, şol sanda muzeý işini kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň usulyýetini guramak çykyşlaryň esasy mazmunyny düzdi.

Maslahatyň çäginde milli medeni mirasymyzy gorap saklamakda we wagyz etmekde ýurdumyzyň muzeýleriniň alyp barýan işi bilen tanyşdyrýan wideolar görkezilip, täsirli maglumatlar berildi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň döwlet muzeýlerinde “Wirtual syýahat” taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti hakynda, muzeý gymmatlyklaryny hasaba almakda sanly ulgamyň mümkinçilikleri sungat eserlerini gorap saklamak mümkinçilikleri şeýle hem muzeýleriň web-saýtlaryny döretmegiň we işini ýola goýmagyň ähmiýeti barada çykyş edildi.

Mundan başga-da, muzeý işini sanly ulgam esasynda kämilleşdirmek, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleri watançylyk we belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemek baradaky öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça gyzykly pikir alyşmalar boldy. Bäş müň ýyla uzaýan türkmen halkynyň taryhy, özboluşly däp-dessury, täze eýýamdaky ýurdumyzyň ýeten ägirt uly sepgitleri – bularyň ählisi baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Çäräniň dowamynda täze usullar arkaly muzeý gymmatlyklaryny we arheologik tapyndylary rejelemek işinde dünýä tejribesini öwrenmäge bagyşlanan usuly sapaklar guraldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň sebitlerindäki muzeýleriň gaznasynda saklanylýan muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen tanyşdyryldylar. Bu ýerde halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan däp-dessurlaryndan dörän bezeg we amaly-haşam sungatymyzyň gadymylygyndan habar berýän etnografik gymmatlyklar – gadymy lybaslar, gaýtalanmajak bezeg önümleri, ajaýyp haly we gobelen önümleri we başga-da birnäçe gymmatlyklar görkezildi.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow