Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Hepdäniň wakalary
Ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
Çap edildi 03.08.2025
51

Geçen hepde Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýän möhüm wakalara baý boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek babatda geçirilen işler munuň aýdyň güwäsidir.

On ýylda bir gezek geçirilýän halkara ähmiýetli çäräniň nobatdakysy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 4 — 8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Ýokary derejeli forumyň geçirilmegi bilen bagly Kararnama şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde kabul edildi. Dünýäniň 57 döwleti bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Bu giň möçberli çärä 32 döwletiň hem-de gyzyklanma bildirýän Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara we sebit düzümleriniň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we hususy pudagyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy geçirildi.

Ýurdumyz üçin bu halkara maslahatyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi hem-de onuň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn many berýär. Bu giň gerimli wekilçilikli forumy kabul etmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durnukly ösüş, hemmeler üçin adalatly we abadan durmuşy döretmek üçin halkara hyzmatdaşlygy goldamaga gönükdirilen toplumlaýyn syýasatyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Bu iri halkara çäre 570 milliondan gowrak ilat ýaşaýan 32 ýurduň meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Maslahatyň esasy maksady tutuş adamzat üçin umumy bolan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde — bu ýurtlaryň çäk taýdan üzňeligini ýeňip geçmekde, dünýä bazarlaryna elýeterliligini giňeltmekde we ählumumy ykdysadyýete goşulyşmagynda olara goldaw-kömek bermekden ybaratdyr.

Awazanyň maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir. Soňky döwür bu ýer halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Bu ýerde ýokary we has ýokary derejedäki duşuşyklardyr forumlary geçirmek üçin ähli şertler döredilendir.

2022-nji ýylyň awgust aýynda BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi dünýä ähmiýetli möhüm waka boldy. Maslahatda biziň ýurdumyzyň ählumumy ulag dialogynda başlangyçly gatnaşmak işjeňligini mundan beýläk-de artdyrmakçydygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň bu babatdaky tagallalary işjeňleşdirip we giňeldip, täze anyk taslamalar hem-de meýilnamalar bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýändigi tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň forumdaky çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşyklydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň geosyýasy hem-de geoykdysady gatnaşyklaryň esasy merkezleriniň birine öwrülýändigini nazara almak bilen, onuň ähmiýeti geografik çäklerden has alyslara uzaýar. Bu ýerde deňiz, guryýer we howa ýollaryny özünde jemleýän dünýä derejesindäki iri üstaşyr ulag halkasy kemala gelýär. Ulag arabaglanyşygy ähli ýurtlaryň geljegi, aýratyn-da, söwdada nyrhlary peseltmek we ählumumy bazarlara elýeterliligi gowulandyrmak babatda DÇBÖBD üçin möhüm ähmiýete eýedir.

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň uçary innowasion tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menziliniň ýolagçy terminaly, pasport gözegçilik we howpsuzlyk nokatlary iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Forumyň geçiriljek ýeri bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde ähli taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we maslahata gatnaşyjylar üçin aňrybaş şertleriň döredilişi bilen tanyşdy. Myhmanlaryň doly derejede dynç alyp, gözel seýilgähler boýunça gezelenç edip bilmekleri üçin alnyp barylýan ähli işler we ýokary derejede hyzmatlar ulgamyny döretmek üns merkezinde boldy.

Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda medeni çäreleriň geçiriljek ýerlerine hem baryp gördi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmeginiň öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda mazmunlaýyn “tegelek stol” duşuşyklary, ýokary derejeli forumlar, gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we düzümler hem-de ýurdumyz tarapyndan geçiriljek ugurdaş çäreler bar. Mundan başga-da, ýörite sergiler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri, milli tagamlaryň festiwaly, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti guralar. Daşary ýurtly myhmanlar halkymyzyň täsin taryhy-medeni mirasy, özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Şunuň bilen birlikde, köp sanly daşary ýurtly myhmanlara Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynyň gözellikleri bilen tanyşmak mümkinçiligi hem dörediler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda döwrebap düzümleri, baý sagaldyş kuwwatlyklaryny özünde jemleýän dünýä derejesindäki şypahana merkezine öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilýän ähli çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk, dostluk, özara düşünişmek we ynsanperwer ýörelgelere daýanýan Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň düýp mazmuny hem halklary jebisleşdirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz myhmanlary kabul etmek, olary halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen hem tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň ajaýyp kenarynyň gözelligine gözellik goşýan Awazanyň döwrebap myhmanhanalary doly derejede dynç almak üçin naýbaşy şertleri üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz myhmanlary garşylamak we ýerleşdirmek bilen bagly meselä ünsi çekip, geçiriljek maslahatyň guramaçylygyna ählitaraplaýyn toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşilmeginiň üpjün edilmelidigi barada tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň iş sapary halkara maslahata düýpli taýýarlyk görülýändigini tassyklamak bilen, Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny berkitmek we BMG-niň maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek babatda uly tagallalar edýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugur alan uçarynyň Arkadag şäheriniň asman giňişliginden geçip barýan pursatlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilýän täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan toý-dabaralara gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş dabarasy şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk ruhunda geçirildi. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan bina edilen köpriniň aýratynlyklary bellenilmäge mynasypdyr. Onuň umumy uzynlygy 627 metre, ini 29,5 metre, beýikligi bolsa 9 metre barabardyr. Her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak bolup, bölüji zolagynyň ini 5 metre deňdir. Köpriniň her tarapynda ýanýodalar gurlupdyr, ýaşyl zolaklar döredilipdir. Täze köpri we oňa ýanaşyk ýollar häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara ülňülere doly laýyk derejede guruldy. Munuň özi ulag akymlarynyň bökdençsiz we howpsuz hereketini üpjün edýär. Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan häzirki zaman demir ýol we awtomobil menzillerini baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýol-ulag düzüminiň bir bitewi ulgamynyň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Açylyş dabarasy çuň many-mazmuna eýe boldy. Asmana parahatçylygy we asylly başlangyçlary alamatlandyrýan ak kepderiler we gök howa şarlary uçuryldy. Giň şaýollar boýunça hereket täze şäherde ýene bir bagtyýar maşgalanyň dörändigini alamatlandyrýan gelnalyjy kerweni bilen açyldy. Gökdepe şaýolunyň ugrunda açylan täze köpriniň ýollary bilen geçen bezegli ulaglar Arkadag şäherinde täze bäbegiň dünýä inendigini äşgär etdi. Bu ajaýyp waka Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary bilen döredilen şäheriň durmuşynda ýene-de bir şanly sahypany ýazdy.

Dabara gatnaşyjylar täze şaýollar boýunça şähere tarap hereket edip, sürüjiler we ýolagçylar üçin ýokary derejeli şertler döredilen häzirki zaman şaýollarynyň amatlylyk we rahatlyk derejesine baha berdiler. Ýolugra milli baýramlaryň we dabaralaryň esasy bezegi bolan döredijilik toparlarynyň, bagşylaryň we estrada aýdymçylarynyň ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Yşyklandyryşyň häzirki zaman ulgamlary ornaşdyrylan täze şaýollaryň agşamky görnüşi aýratyn duýgulary bagyşlaýar. Ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagy we döwrebap desgalaryň Arkadag şäheriniň umumy binagärlik gözelligi bilen sazlaşykly utgaşmagy taslamany işläp düzüjileriň we gurluşykçylaryň ýokary hünär derejesine eýelik edýändigine şaýatlyk edýär.

Döwrebap ýol-ulag düzümleri ýöriteleşdirilen inženerçilik desgalary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, “akylly” şäheriň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň nyşany hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň tejribesiniň barha artýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Bu desgalaryň açylmagy milli telekeçiligi goldamak we hususyýetçileriň netijeli işlemegi, baý tejribe toplamaklary üçin döwrebap şertleri döretmek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertler döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär.

Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelindi. Täze Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň döredilmegi bolsa ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga ýardam eder.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýalar infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany, Ýewropany, Hazar, Gara deňzi we Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu ugurda yzygiderli işleri alyp barmak bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen bagly daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy. Munuň özi özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginiň esasy şertidir.

Soňky habarlar
03.08
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr
03.08
Ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
03.08
Hazaryň türkmen kenary — giň möçberli halkara forumyň geçirilýän merkezi
02.08
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
01.08
Türkmenistanyň hususy pudagy — innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berýän güýç
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
30.07
Bagta rowan ýollar
29.07
Parlamentara dialog — parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly
top-arrow