Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşantdyr
Teswirlemeler
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşantdyr
Çap edildi 20.06.2023
1903

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. 2023-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ata Watanymyz diňe bir ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başyndan bäri halkara derejeli, ähmiýetli wakalaryň örän köp bolandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany ýazdy. Pekinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler üstünlikli boldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan we HHR dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ýangyç-energetika toplumy strategik döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Durmuşa geçirilen ХХI asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi” strategiýasynyň hem-de Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň utgaşdyrylmagynyň geljegini nazara almak bilen, ulag we logistika ulgamy hem möhüm ähmiýete eýedir. Netijeli syýasy dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Türkmenistan bilen HHR BMG-niň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde işjeň gatnaşyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça şu ýylyň maý aýynda Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we HHR-iň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar hem dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň iri sebitleri bilen bolan ysnyşykly gatnaşyklar möhüm orny eýeleýär.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar, şeýle hem paýtagtymyzda geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň netijeleri taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde arap dünýäsiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň Abu-Dabi şäherinde BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynda döwletara gatnaşyklaryň giň ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, olary hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygy bilen gatnaşyklary hem ilkibaşdan okgunly ösdürilýär. Häzirki döwürde taraplar dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymynda Bahreýn Patyşalygyna bolan resmi sapary hem muny aýdyňlyk bilen görkezdi. Manamada döwlet Baştutanymyzyň Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa bilen geçiren gepleşikleriniň gün tertibine dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň giň meseleleri girizildi. Saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen köp sanly resminamalar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýdy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 19-20-nji martynda Katar Döwletine amala aşyran döwlet sapary bu ýurt bilen özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli gatnaşyklary ösdürmekde täze ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar hem-de resminamalaryň toplumy taraplaryň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, işewür gatnaşyklary giňeltmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň çäklerinde Dohada ýurdumyzyň ilçihanasynyň açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylyň dekabrynda degişli Permana gol çekilendigini bellemelidiris.

Türkmenistanyň türki dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklary, şol sanda köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygy hem netijeli, dostlukly häsiýeti bilen tapawutlanýar. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň noýabrynda ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasynda (TDG) synçy derejesine eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça 16-njy martda Ankara şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna şaýatlyk etdi.

Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almakda hem-de olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle hem sebit we halkara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri girizildi. Mälim bolşy ýaly, fewral aýynda Türkiýede köp sanly pidalara we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme bolup geçdi. Türkmenistan birek-birege kömek bermegiň we ynsanperwerligiň ozaldan gelýän ýörelgelerine eýermek bilen, tebigy betbagtçylyk baradaky habara çaltlyk bilen seslendi hem-de türk halkyna doganlyk goldawyny we ynsanperwerlik kömegini berdi.

TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolup durýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini, doganlyk we raýdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýurdumyz halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, oňyn sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça degişli toparynyň sammitine gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz 2-nji martda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow forumda çykyş edip, pandemiýadan soňky döwürdäki dikeldiş bilen bagly ileri tutulýan wezipeleri çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglylykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlary beýan etdi. Şol gün Baku şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda berkidilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.

Halkara guramalar bilen özara gatnaşyklar meselesine baglylykda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köptaraply hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Dürli ulgamlarda amala aşyrylýan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalarynyň taýýarlanylmagy we kabul edilmegi Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. Şol hyzmatdaşlyk strategik esasda ösdürilýär.

Şolaryň hatarynda 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy plenar mejlisinde biragyzdan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnama bar. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň dekabryndan bäri Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bitarap Türkmenistan merkez bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, onuň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýär we dünýäniň bu strategik taýdan möhüm sebitinde netijeli işleri ilerletmäge ýardam edýär.

16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigi bellärliklidir.

Türkmenistanyň beýleki halkara düzümler, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen özara gatnaşyklary hem okgunly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji iýunda ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “EсoPorts” güwänamasynyň gowşurylmagy möhüm ähmiýetli waka bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň ÝHHG bilen ekologiýa ýaly möhüm ugurdaky gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyz abraýly halkara guramalar, şeýle hem sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy taryhyň dowamynda emele gelen mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda ösdürilýär. Täjigistan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda bu doganlyk ýurda bolan döwlet saparynyň barşynda köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berildi. Duşenbede geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalar toplumy döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini, taraplaryň ony hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandygyny tassyklady.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşigindäki Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşmaklary möhüm ähmiýetli waka boldy.

Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biri hem Eýran Yslam Respublikasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga täze itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň Tähranda bolmagynyň maksatnamasyna Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen gepleşikler, Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi, beýleki döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar girizildi. Özara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeleriniň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Halk Maslahatynyň Başlygynyň goňşy ýurda bolan saparynyň netijeleri gazanylan ylalaşyklarda, gol çekilen resminamalarda hem-de Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada öz aýdyň beýanyny tapdy.

Ýewropa ugry hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýazynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna bolan sapary mahalynda döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň germaniýaly hyzmatdaşlar bilen geçiren duşuşygynyň barşynda atçylyk pudagyndaky gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.

Ýurdumyzyň Ýewropanyň beýleki döwletleri, şol sanda Beýik Britaniýa bilen gatnaşyklary hem netijeli häsiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 5-6-njy maýynda Londona bolan iş sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazdy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýaly Kamilla täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen 8-9-njy iýunda ýurdumyzda resmi saparda bolan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasyndaky gepleşikleriň gün tertibine türkmen-wenger gatnaşyklarynyň giň meseleleri girizildi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar iki ýurduň däp bolan syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, netijeli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, umuman, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ygrarlydygyny tassyklady.

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem Wengriýanyň Premýer-ministri bilen duşuşandygyny bellemek gerek. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de bilelikdäki işiň geljegine, şol sanda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegine garaldy.

Türkmenistanyň dünýäniň beýleki yklymlarynda ýerleşýän ýurtlary bilen hem gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şu ýylyň 29-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplaryň ähli ugurlar boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidikleri tassyklanyldy. Ekologiýa meseleleri hem özara gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara gün tertibinde bu meselelere aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär. Şol hyzmatdaşlyk iki halkyň taryhy, medeni we ruhy umumylygyna, berk dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Strategik häsiýete eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň many-mazmuny ýylsaýyn baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmagy döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy. Bu dabara 3-nji iýunda Ankarada geçirildi.

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda köptaraply diplomatiýany, şol sanda parlament diplomatiýasyny durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda halkara gatnaşyklarda parlament diplomatiýasynyň orny ep-esli artdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýanwar aýynyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen geçiren duşuşygynyň esasy meselesi boldy.

Özara gatnaşyklaryň bu meselesine döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda hem garaldy. Mälim bolşy ýaly, Duşenbe şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň ýokarky we aşaky palatalarynyň ýolbaşçylary — Milli Majlisiň Başlygy Rustam Emomali hem-de Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşyklary geçirdi.

Aprel aýynda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Koreýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon tarapyndan baştutanlyk edilýän parlament wekiliýeti bilen bolan duşuşygynda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna golaýda amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen geçirilen duşuşykda kanun çykaryjylyk edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň edildi.

Şeýlelikde, şu ýylyň geçen döwrüniň wakalary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyna ygrarlydygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Şol strategiýa ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, ösüşiň bähbidine deňhukukly we köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow