Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna eýerip, Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda duşuşyklary, syýasy geňeşmeleri, işewürlik gepleşiklerini, forumlary geçirip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen köpugurly işleri alyp barýarlar.
1-nji maýda Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen geçirilen duşuşykda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara pikir alyşmalar boldy.
2-nji maýda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony dürli ugurlarda, şol sanda ulag, energetika, statistika, “akylly” şäher gurluşygy, “ýaşyl” ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýurdumyzyň gazanan tejribesi aýratyn nygtaldy.
Şol gün türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça kömekçisi Haled Hiari bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Owganystan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek we owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça amala aşyrýan işleriniň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýändigi bellenildi.
3-4-nji maýda Aşgabat şäherinde utgaşykly görnüşde geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň we serginiň esasy maksady sebit ýurtlarynyň arasynda söwdany ýeňilleşdirmekden, erkin senagat zolaklaryny döretmek, halkara gatnaşyklarda milli ulag kärhanalarynyň işini, ulag-logistika ulgamynda ýöriteleşen milli düzümleriň we halkara guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybarat boldy.
4-nji maýda Daşary işler ministrliginde geçirilen türkmen-katar syýasy geňeşmelerinde iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça amala aşyrylýan köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy, halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrliginde 4-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuzin bilen geçirilen duşuşykda dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy bellenildi. Iki ýurduň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklar, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň işi, “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky özara gatnaşyklar aýratyn nygtaldy. Şol gün iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi.
Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny, ylmy, işewürlik düzümleriniň wekillerini öz içine alan türkmen wekiliýeti 8-nji maýda Duşenbe şäherinde geçirilen Türkmen-täjik işewürler maslahatynyň işine, işewürler geňeşiniň birinji mejlisine we iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisine gatnaşdy. Bu çäreler özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.
Şol gün dostlukly döwletiň paýtagtynda “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek: meseleler we geljekki mümkinçilikler” ady bilen geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky maslahatda innowasion bilim tehnologiýalary, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, seýsmologiýa we seýsmiki hadysalara durnukly gurluşyk, derman serişdeleriniň ulanylyşy ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
10 — 24-nji maý aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym, we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariž şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
11-nji maýda halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, harytlar hem-de azyk önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana iberildi.
Daşary işler ministrliginde 11-nji maýda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur bilen geçirilen duşuşykda USAID bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, söwda, ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, döwlet dolandyryşy, kanunçylyk, hukuk, durmuş ulgamy, obasenagat toplumy, ekologiýa, sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okgunly ösdürilýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň giň ugurlary Daşary işler ministrliginde 13-nji maýda Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý bilen geçirilen gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň dowamynda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi.
15-nji maýda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisi geçirildi. Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Çehiýadan, Täjigistandan, Russiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden we bu gurama goşulan kärhanalardan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen nobatdaky mejlisiň gün tertibine Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň ozalky mejlislerinde kabul edilen çözgütler hakyndaky maglumat, demir ýol ulagy boýunça üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, ÝUNESKO-nyň tassyklanan konwensiýalarynyň we gol çekilen beýleki halkara resminamalaryň çäginde gazanylan oňyn netijeler maslahatlaşyldy.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt bilen geçirilen duşuşykda syýasy, parlament diplomatiýasy ugrunda özara gatnaşyklary ösdürmegiň, energetika we ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda, ynsanperwer meseleler boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
15-nji maýda türkmen wekiliýeti Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň Astana şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Mejlisde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag, maliýe, oba we suw hojalygy, gurluşyk, medeniýet we syýahatçylyk, bilim we ylym, nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, bu senede, ýagny 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Bu halkara resminama 67 ýurduň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 16-njy maýda Germaniýanyň “Goetzpartners” kompaniýasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygy pudagynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy.
16-njy maýda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guran bu çäresi adamzadyň röwşen geljegi ugrunda sebit ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy çemeleşme boldy.
17 — 19-njy maýda ýurdumyzyň wekiliýeti “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023” XIV halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy. Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklary ösdürmek forumyň esasy mazmunyny düzdi. Forumyň çäginde türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnullin, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanow, “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory S.Kogogin, “Ak Bars” kompaniýalar topary” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory I.Ýegorow, Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary D.Zwerew, şeýle hem Türkiýäniň “MFA Lojistik” kompaniýasynyň ýolbaşçylary, Owganystanyň senagat we söwda ministri N.Aziziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda ulag-logistika we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine, “Russia Halal Expo” halkara sergisine gatnaşdy. Sergide ýurdumyzyň degişli ulag edaralarynyň diwarlyklary, türkmen halylary, milli şaý-seplerimiz we senetçiligiň beýleki nusgalary, ekologik taýdan arassa “Nusaý”, “Jeýtun”, “Merw”, “Bedew” haryt nyşanly önümler görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid ben Muhammed Al Saud bilen 19-njy maýda bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Bangkok şäherinde (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama BMG-niň çäklerinde Aral deňzi bilen bagly meseleleriň çözülmegine gönükdirilen möhüm ädimleriň biri bolup durýar.
22-nji maýda “Gruziýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Gruziýanyň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady, parlamentara hyzmatdaşlygy, şeýle hem abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlaryna üns çekildi.
22 — 26-njy maý aralygynda Rumyniýanyň Buharest we Konstansa şäherlerinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň meýilnamasy halkara maslahaty, sergini, şygryýet agşamyny, ýurdumyzyň sungat işgärleriniň guran konsertini, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň “Istärin” filminiň görkezilişini özünde jemledi.
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde 23-nji maýda sanly ulgam arkaly Sloweniýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
24-25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi guraldy. Sergi şähergurluşyk babatda ýurdumyzyň baş şäheriniň ýeten sepgitleri we geljekki mümkinçilikleri, bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmäge hem-de täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga amatly meýdança boldy.
25-nji maýda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen geçirilen duşuşykda sebit howpsuzlygy we ösüş meseleleri, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” we sanly özgertmeler, energetika, ulag-logistika pudaklaryna degişli meselelerde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.
Şol gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa bilen geçirilen gepleşiklerde Owganystan meselesi boýunça ýurtlaryň we BMG-niň arasynda özara hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmalydygy, bu babatda, ilkinji nobatda, UNAMA bilen ýakyn gatnaşyklaryň dowam etdirilmelidigi nygtaldy.
26-njy maýda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
26-njy maýda Baku şäherinde geçirilen türkmen-azerbaýjan syýasy-geňeşmelerinde konsullyk, iki ýurduň raýatlarynyň we talyplarynyň hukuk ýagdaýlary, migrasiýa edaralarynyň arasynda özara tejribeleri alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gyzyklanmalary beýan edilip, Owganystanyň durnukly, parahat we ösýän ýurda öwrüljekdigine pugta ynam bildirildi.
Türkmen wekiliýeti 26-njy maýda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Newa halkara ekologiýa kongresiniň işine gatnaşdy. Onuň barşynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, “ýaşyl” tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly meselelere garaldy.
28-nji maýda paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň “Türkmen halysy — türkmeniň kalby” atly ХХIII mejlisi geçirildi.
29-njy maýda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri guramanyň degişli departamentiniň müdiri Maýko Oşikawa bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
31-nji maýda Buharest şäherinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady ugurlarda, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, parlament diplomatiýasyny ösdürmek, ynsanperwerlik meselelerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maý aýynda Daşary işler ministrliginde Tailand Patyşalygynyň, Serbiýa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Kipr Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklarda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, halkara guramalaryň hem-de olaryň degişli düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, geçen aýyň wakalary Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň adamzadyň parahatçylygynyň we durnukly ösüşiniň bähbidine häzirki zaman syýasy gurallary herekete getirmekde dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny subut edýär.