Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahaty geçirildi
Jemgyýet
Saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahaty geçirildi
Çap edildi 02.06.2023
2402

Arkadag şäheri möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä — Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görýär. Ol 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriler.

Öňde boljak saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçiriler. Bu möhüm syýasy çäre Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna ygrarlydygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr. Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, degişli saýlaw toparlary döredildi.

Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, raýat toparlarynyň mejlisleriniň barşynda saýlaw toparlarynyň düzümlerine iň mynasyp adamlar hödürlenildi. Saýlaw toparlarynyň düzümlerine iň mynasyp wekilleri hödürlemek boýunça maslahatlar we ýygnaklar geçirildi. Şol wekilleriň aglaba bölegi halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärmenleridir.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň hünärmenleri saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatyny geçirdiler. Bu maslahat oňa gatnaşyjylara milli saýlaw kanunçylygy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen tanyşmaga, özleriniň wezipe borçlaryna has anyk göz ýetirmäge we öňde boljak saýlawlaryň tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, saýlawlaryň has jogapkärli tapgyry — dalaşgärleri hödürlemek bilen baglanyşykly anyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlara hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawçylaryň sanawyny düzmek işlerine çemeleşmegiň, ses bermäge hukugy bolan her bir raýatyň saýlaw gününde jemgyýeti we döwleti dolandyrmak işlerine gatnaşmaga bolan konstitusion hukugyny berjaý etmek üçin düşündiriş işlerini guramagyň usullary barada maslahatlar berildi.

Öňde boljak saýlawlarda Geňeş agzalarynyň 5-si saýlanylar. Häzirki wagtda saýlaw okruglarynyň 5-si döredildi hem-de olaryň çäkleri kesgitlenildi. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäresi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guralýar. Kodeksde döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki zaman tapgyrynda öňde durýan möhüm wezipeleri hasaba almak bilen, saýlawlary geçirmegiň ähli kadalary beýan edilendir.

Bu syýasy çärede türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň binýadyny emele getirýän halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri mynasyp beýana eýe bolýar. Halk köpçüliginiň döwleti dolandyrmak işine giňden çekilmegi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow