25-nji maýda Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri Gara deňziň kenaryndaky Konstanta şäherinde tamamlandy.
Buharestde we Konstantada uly üstünlik bilen geçirilen döredijilik forumy köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi we dostluk, döredijilik hem-de ylham baýramyna öwrüldi. Hökümetara şertnamalara laýyklykda guralan häzirki çäre taraplaryň iki halkyň medeniýetini birek-birege baýlaşdyrmak we ýakynlaşmak islegini görkezýän durnukly ösýän türkmen-rumyn gatnaşyklaryna hil taýdan täze many-mazmun berdi.
Ýaşlara niýetlenen «Jean Constantin » köpugurly bilim merkezine ýygnanan häzirki çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, medeniýet, sungat dili diplomatiýa dilidir, ýurtlaryň geografik ýerleşişine garamazdan dürli halklar bu dilde erkin gürleşip bilerler. Çäreleriň şeýle görnüşi dostlukdyr özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Ýola goýlan döredijilik gatnaşyklary arkaly dünýä halklarynyň milli medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikler döreýär. Şu nukdaýnazardan, dürli ýaşdakylaryň, şol sanda ýaşlaryň wekilleriniň birmeňzeş pikirine görä, ýurdumyzyň Rumyniýadaky Medeniýet günleri ynpanperwer döwletara gepleşikleriň täze tapgyrynyň nyşanydyr.
Aýdym-sazlar, nepis tanslar, olary ýerine ýetirijileriň zehini hem ylhamy dürli milletleriň we milletleriň adamlaryny ruhy taýdan birleşdirdi. Medeni forumyň maksatnamasyny tamamlan türkmen artistleriniň konserti hem muny subut etdi. Meşhur halk sazandalary we bagşylary, opera we estrada aýdymçylary, «Dokmaçylar» folklor-etnografiki tans topary döredijilik baýramçylygynyň myhmanlaryna öz sungatyny görkezdiler.
Watany, söýgüni, dost-doganlygy wasp edýän türkmen aýdymlary, şol agşam halkymyzyň sungaty bilen tanyşmaga gelen rumyn tomaşaçylaryna güçýli täsir etdi. Milli aýdym-saz medeniýetiniň dürli röwüşleri ýerine ýetirijileriň gözel lybaslary bilen özüne bendi etdi. Küştdepdi tansynyň joşgunyna maýyl bolan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary uzak ýaňlandy.
«Jean Constantin» Merkeziniň kiçi zallarynyň birinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gorlaryndan görkezilen eksponatlar rumyn dostlarymyza halkymyzyň baý medeni däpleri, özboluşly sungaty we tükeniksiz döredijilik zehinleri barada gürrüň berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp eserleri, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary, şeýle hem ýurdumyzyň taryhyna, täsin tebigatyna we özüne çekiji syýahatçylygyna bagyşlanan dürli ylmy-populýar edebiýatlar sergide aýratyn orun tutdy.
Çärä gatnaşyjylar sergide dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolan gadymy milli eşikler, öý goşlary, amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary bilen tanyşdylar. Milli saz gurallary, türkmen zergärleriniň döreden üýtgeşik nepis şaý-sepleri uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem sergä gelenler häzirki zaman türkmen nakgaşlarynyň işleri we häzirki Türkmenistanyň durmuşy, özboluşly taryhy ýadygärlikleri, tebigaty we ak mermerli Aşgabadyň ajap binalaryny görkezýän fotosuratlar bilen tanyşdylar.
Kino muşdaklaryna görnükli türkmeniň beýik akyldar nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Istärin» filmi görkezildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Prezidentlerine häzirki çäräni guramak we geçirmek üçin döredilen şertler, dostlukly ýurduň giň jemgyýetçiligini baý türkmen medeniýeti bilen tanyşmaga, onuň özboluşly dünýäsine we aýratynlygyna düşünmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.
Konstantada bolanlarynda wekilýetiň agzalary Ýunus Emre Institutynda döredijilik duşuşygyny geçirdiler, bu ýerde türkmen alymlary ýygnananlary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar.
Duşuşykda beýik akyldar şahyryň ajaýyp edebi mirasynyň ähmiýeti barada gyzykly pikir alyşma geçirildi, onuň döredijiligine diňe bir halkymyz däl, eýsem tutuş dünýä ýokary baha berýär. Bellenilişi ýaly, onuň eserleri hakykatdanam dünýä bilim hazynasynyň gymmatly merjenidir. Tanymal türkmen şahyrynyň eserleri häli-häzirem köp ýurtda uly gyzyklanma döredýär, şahyryň goşgularynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Medeniýet günleri ýatdan çykmajak täsir galdyrdy we diňe paýtagtda däl, eýsem Konstantada ýaşaýan rumyn dostlarymyza-da türkmenleriň baý taryhy we medeni mirasyny açmaga mümkinçilik berdi. Ol diňe ýatdan çykmajak döredijilik çäresi bolman, eýsem iki ýurduň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegini, dostlugyny çuňlaşdyrmaga tarap ýene bir ädim boldy.