Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 08.11.2025
51

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.

Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň çar künjeklerinde, oba-şäherlerinde giň möçberli tokaý zolaklaryny, döwrebap seýilgähleri döretmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerine aýawly çemeleşmek we ýakymly howa gurşawyny döretmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Dabaraly çäräniň dowamynda aýdymçylar bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygyny döredýär.

Berkarar ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň her ýylda geçirilmegi mähriban Watanymyzyň çar künjeginiň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýär. Bu işleriň Arkadag şäherinde hem talabalaýyk alnyp barylmagy, täze şäheriň binalarynyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşygyny üpjün edýär.

Soňky habarlar
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
07.11
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
07.11
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
06.11
Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady
top-arrow