Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şü gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Söweşjeň sungat toplumynda jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionaty badalga aldy. Oňa 24 ýurtdan – Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respubliksynda, Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan, Singapurdan, Nepaldan we beýlekilerden birnäçe ýüz türgen gatnaşýar. Ýaryşlaryň ilkinji gününde türkmenistanlylar jemi 16 medala, üç altyn, dört kümüş we dokuz bürünç medala mynasyp boldular. Bu bolsa ýurdumyzyň ýygyndy toparyna umumytoparlaýyn hasapda birinji orny üpjün etdi. Medallar ugrunda “ne-waza” görnüşi boýunça bäsleşildi, şunda türgenler köplenç söweşjeň usullary ulanýarlar. Jiu-jitsuyň bu görnüşi örän möhüm sport mirasy hasaplanylýar, ol örän netijeliligi hem-de şol bir wagtda ýönekeýligi we ulanylýan emelleriň köp görnüşi bilen tapawutlanýar. Kadalara laýyklykda sportuň bu görnüşi boýunça finala çykanlar we üçünji orun ugrunda bäsleşýänler deslapky tutlulyklaryň barşynda toplanan utuklar arkaly kesgitlenilýär. Biziň toparymyzyň düzüminde zenanlar has tapawutlandy. Amina Halyllaýewa 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýygyndy toparymyza ilkinji ýeňşi getirdi. Aýgytlaýjy tutluşykda ol öz ildeşimiz Dinara Jumadurdyýewadan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Ogulnar Atdaýewa (62 kg. çenli) ýene bir altyn medaly eýeledi, ol hem finalda ildeşimiz Mähri Akmyradowany ýeňmegi başardy. 70 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen aýgytlaýjy tutluşykda diňe türkmenistanly türgenler Wioleta Krowýakowa we Zyba Orunowa çykyş etmäge hukuk gazandylar. Şunda Wioleta üstün çykdy. Biziň toparymyzda Sabina Agajanowa kümüş mdala eýe boldy. Rahat Gurbanow (77 kg. çenli), Jonybek Atajanow (85 kg. çenli), Zafar Madaminow, Nasipjan Izbasarow (94 kg-dan ýokary), Patma Hojyýewa (62 kg. çenli), Läle Nurýewa (70 kg. çenli) Gunça Seýitmyradowa (70 kg-dan ýokary), Zebo Ýagşiýewa we Aýgül Babaýewa (ikisi hem 45 kg. çenli) bürünç medala eýe boldular. Şu gün Aziýa çempionatynyň aýdyň öwüşgünli açylyş dabarasy boldy, onuň barşynda ýaryşa gatnaşyjylara we köpsanly tomaşaçylara Jiu-Jitsu boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Panauotis Teodorpoulos hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik hem-de bu ýaryşlary geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertlere çuňňur hoşallygyny beýan edip, Halkara federasiýasynyň baştutany çempionatyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi Aziýanyň çempionatynyň açylyş dabarasy aýdym-sazly maksatnama bilen dowam etdirildi, ony talyplaryň toparlary we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlar ýerine ýetirdiler. Küştdepdi tansy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Konsertiň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň we Aziada-2017-niň, soňra bolsa ýaryşa gatnaşyjy ähli ýurtlaryň baýdaklary sahna çykaryldy. Jiu-jitsu ýapon başa-baş tutluşygynyň görnüşidir. Sportuň bu görnüşi öz ösüş taryhyny XVI asyryň birinji ýarymyndan alyp gaýdýar (Sengoku döwri), şonda Ýaponiýanyň Mimasaka welaýatynyň hökümdary H.Takenouti başa-baş söweş boýunça öz usulyýetini işläp taýýarlady, ol söweş sungatlarynyň iň gowy tilsimlerini özünde jemleýär. Jiu-jitsuyň esasy ugry garşydaşyň güýjüni peýdalanyp, onuň hüjümini agyryly emeller arkaly yzyna gaýtarmakdyr. Ýapon usullary gönümel garşylygy ulanmagy göz öňünde tutmaýar, onda bäsdeşiň ulanýan emellerini onuň özüne garşy ulanmagy başarmak gerekdir. Şol sebäpli hem bu söweş sungaty ýakyn aralykda has netijelidir. Jiu-jitsu “ýumşaklyk sungaty” ýa-da “çeýe sungat” diýmegi aňladyp, diňe bir başa-baş söweş tilsimlerini öz içine alman, eýsem dürli ýaraglary hem ulanmagy göz öňünde tutýar. Başa-baş söweşiň bu sungaty bilen meşgullanmak adamda edermenlik sypatlaryny kemala getirýär. Onuň iň gowy ynsan häsiýetlerini (sabyrlylyk, hormat goýmak we beýlekiler) kämilleşdirýär. Sportuň bu görnüşiniň usulyýeti we kadalary dzýudo we aýkido ýaly belli sport ugurlarynyň döremegi üçin esas bolup hyzmat etdi. Türkmenistanda sportuň bu görnüşi boýunça türgenleşikler garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda geçirilip başlandy. Jiu-jitsu söweş sungatlarynyň milli federasiýasynyň düzümine girýär hem-de welaýatlaryň ählisinde bölümleri bar. Başa-baş tutluşygyň bü görnüşi bilen meşgullanýan türkmen türgenleri her ýyl dürli halkara ýaryşlarynda onlarça medala eýe bolýarlar. Merkezi we Günorta Aziýanyň 2015-nji ýylda geçirilen çempionatynda Hindistanyň Bangalor şäherinde biziň ildeşlerimiz jemi 13 medala eýe boldular, olaryň 6-sy altyn medallardyr. Bu gün bolsa Aziýa çempionatynda ýokary ussatlyk görkezýärler hem-de bu bäsleşikler ýene 10 aýdan Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrydyr. Şeýle hem çempionatyň jemleri boýunça Türkmenistan üçin iri yklym derejeli sport forumynda çykyş etmek üçin milli ýygyndy toparymyzyň düzümi kesgitleniler. 10-njy dekabrda Söweş sungaty toplumynda “ne-waza” ugry hem-de beýleki agram derejelerinde bäsleşikler dowam eder. Aziýa çempionatynyň üçünji tamalaýjy gününde türgenler jiu-jitsuyň ýene iki görnüşi – “duo-show” we “duo-classic” boýunça toplumlaýyn maşyklary görkezmekde bäsleşerler.