Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň mejlisiniň KARARY
Resmi
Türkmenistanyň mejlisiniň KARARY
Çap edildi 08.09.2025
120

Ahal, Daşoguz welaýatlarynda döredilen täze ilatly ýerlere şäherçe, oba derejesini bermek we olara at dakmak hakynda

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Halkymyz üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň esasy özeni bolup durýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýerler hem ýurdumyzda kabul edilen durmuş ugurly maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Ahal, Daşoguz welaýatlarynda täze ilatly ýerleriň döredilendigini göz öňünde tutup, şeýle hem Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Ahal welaýatynda:

1) Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Döwletli mekan» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň Döwletli mekan obasy» diýip atlandyrmaly;

Öňaldy geňeşliginiň edara ediş merkezini Döwletli mekan obasyna geçirmeli;

2) Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Bagtly zamana» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obasy» diýip atlandyrmaly;

Gowşut geňeşliginiň edara ediş merkezini Bagtly zamana obasyna geçirmeli.

2. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermeli we oňa «Bitaraplyk» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesi» diýip atlandyrmaly.

3. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşligini ýatyrmaly we onuň Täze ýol, Çilter, Gamyşlyoý, Garaşsyzlyk, Gazakýer obalaryny Bitaraplyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli.

4. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.

5. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň Döwletli mekan, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obalarynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

6. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.


Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.GULMANOWA.

Aşgabat şäheri. 2025-nji ýylyň 8-nji sentýabry.

Soňky habarlar
09.09
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
08.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.09
Türkmenistanyň mejlisiniň KARARY
08.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 825 müň dollaryndan gowrak boldy
08.09
Halk Maslahaty - Türkmenistanyň milli jebisliginiň nyşany
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
06.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.09
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow