Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Jemgyýet
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Çap edildi 16.05.2023
1853

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Mejlisde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. Bu saýlawlary Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirmek bellenildi.

Mejlise Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalaryndan we toparyň ýanyndaky iş toparlarynyň agzalaryndan başga-da, milli synçylar — Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hereket edýän Saýlaw kodeksine laýyklykda, 17-nji maýda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň başlanýandygyny yglan etmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň dürli ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyna seredildi. Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygy bilen baglylykda, geçiriljek çäreleriň ähmiýeti bellenildi.

Guramaçylyk işiniň barşy, şol sanda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça degişli saýlaw toparlarynyň düzümini düzmek we saýlaw okruglarynyň 5-sini döretmek baradaky maglumatlar diňlenildi. Merkezi topar ýokarda ady agzalan saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Saýlaw toparlary üçin gollanmalara we beýleki degişli resminamalara seredildi hem-de tassyklanyldy.

Geňeşler ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolmak bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatyna, giň möçberli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmeginiň üpjün edilmegini, şeýle hem ilat arasynda düşündiriş işleriniň alnyp barylmagyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlediler.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar öňde boljak saýlawlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka bolup, onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däplerine esaslanýan we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça konsepsiýasynyň çäklerinde döwlet gurluşynyň nobatdaky tapgyrynyň öz beýanyny tapýandygyny nygtadylar.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda beýleki guramaçylyk meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow