Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 01.04.2023
2575

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2023-nji ýyldaky üçünji sany okyjylara ýetirildi. Üç dilde taýýarlanylýan žurnalyň täze sanyndaky makalalardyr çeper eserler şanly ýylyň wakalarynyň beýanyna öwrülipdir.

Žurnalyň täze sanynyň açylyş makalasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaşlara gutlag» atly aýdymynyň täsirleri paýlaşylýar. Žurnalyň ilkinji sahypalarynda bu aýdym okyjylara dolulygyna ýetirilýär.

Mart aýynyň täzeliklerine bagyşlanan makala «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» diýlip atlandyrylypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» kitabynyň «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölüminden alnan bölekde Oraza we Gurban baýramlary, Oraza aýynyň mukaddesligi barada täsirli söhbet açylýar.

Žurnalyň baş redaktorynyň «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» atly makalasy, adyndan hem belli bolşy ýaly, mart aýynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna bagyşlanylýar.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» iň möhüm syýasy çäreleriniň biridir. Ýurdumyzyň beýleki neşirleri bilen bir hatarda «Arkadagly Ýaşlar» žurnaly hem bu möhüm syýasy çärä dessine seslendi.

Mart aýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gatnaşmagynda geçirilen «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşikleriň jemlerine bagyşlanan makalalar hem žurnalyň täze sanyndan orun alypdyr. Şeýle-de, Milli bahar baýramyny şöhlelendirýän çykyşlar okyjylara hödürlenilipdir.

«Türkmen tebigaty ― ynsan kalbynyň ylham çeşmesi» atly makala tebigaty goramak meselesi bagyşlanypdyr.

«Ylym giňişligine ak ýol» atly rubrikada bu gezek ýaş alymlaryň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijileriniň ikisiniň ylmy gözleglerine orun berilýär.

«...Nusga bolup galsyn ilden-illere» atly makalasy hem türkmen gelin-gyzlarynyň el işlerine bagyşlanypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, žurnalyň şu sahypalaryny ýaşlary dil öwrenmäge höweslendirjek makalalar bezeýär.

Elektron neşiriň täze sanynda ýaşlaryň döredijiligine aýratyn uly üns berlipdir. Çagalary tans sungatyna höweslendirmek bilen bagly rus dilindäki makala hem täsirli bolupdyr.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň talyby Amanmyrat Gurbanweliýewiň zergärçilik ukybyna bagyşlanan makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker.

Okyjylar žurnalyň «Göwün pelsepesi ýa-da ýagşylyk hakynda söhbet» atly şahyrana oýlanmany, bahar barada aýdylan sözleriň iňlis dilindäki ýygyndysyny, türkmenistanly ýaş şahyrlaryň şygyrlarynyň iňlis dilindäki nusgasyny hem uly gyzyklanma bilen okap bilerler.

Žurnalyň redaksiýasynyň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemleri barada hem habar berlipdir. Şeýle-de, «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň mart aýyndaky ýeňijisi yglan edilýär.

Žurnalyň täze sany ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylhamly dünýäsiniň aýnasyna, olaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygynyň beýanyna öwrülipdir.

Soňky habarlar
11.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
11.07
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowа
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.H.AGAHANOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.W.AKMÄMMEDOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.M.ANNADURDYÝEW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany SAPBAÝEW D.I. hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.ÇAKYÝEW hakynda
top-arrow