Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Jemgyýet
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Çap edildi 27.03.2023
3615

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Grigoriý Logwinowyň ýolbaşçylygyndaky ŞHG-niň halkara synçylar toparynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri bilen duşuşyk boldy. 26-njy martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Tejribe alyşmak hem-de saýlawlary guramagyň hukuk kadalaryny we halkara tejribäni öwrenmek bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigine aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, saýlawlaryň ähli tapgyrlary ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, giň bäsdeşlik esasynda we bu ugurda umumy ykrar edilen dünýä ölçeglerini nazara almak bilen geçirildi.

Milli we halkara synçylaryň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýda geçendiginiň subutnamasy boldy. Synçylaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olara saýlawlaryň öň ýanynda we saýlaw gününde çäreleriň gidişine bökdençsiz syn etmek, paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklaryna baryp görmek mümkinçiligi döredildi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan “Açyk gapylar” syýasatyna, şeýle hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmelere ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda, Grigoriý Logwinow şu gezekki saýlawlaryň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp, ŞHG-niň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow