Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Saýlawlar – 2023: türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeleri pugtalandyrylýar
Jemgyýet
Saýlawlar – 2023: türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgeleri pugtalandyrylýar
Çap edildi 26.03.2023
2393

Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary dowam edýär. 

Milli parlamentde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda saýlawçylara wekilçilik etmäge halkyň arasynda uly hormata we ynama eýe bolan iň mynasyp raýatlar hukuk gazandylar. Mejlisiň deputatynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna birnäçe dalaşgär hasaba alyndy. Şeýlelikde, öňki saýlawlar ýaly bu gezekki saýlawlar hem giň bäsdeşlik, demokratiýa we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirilýär. 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, ir sagat 7-de saýlaw okruglarynyň çäklerinde birbada ähli saýlaw uçastoklary açyldy. 

Sagat 17-ä çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ähli saýlawçylaryň 83,88 göterimi, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 84,08 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 83,79 göterimi ses bermäge gatnaşdylar. 

Daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynda hem ses bermek çäresi guramaçylykly geçirilýär. 

Mälim bolşy ýaly, şu gezekki möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresini geçirmäge uly taýýarlyk işleri görüldi. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 515-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2001-si, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 12098-si hem-de mejlisiň deputatlygyna syýasy partiýalar we raýat toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň 258-si bellige alyndy. 

Şu gezekki saýlawlar dünýäniň köp ýurtlarynda gyzyklanma döredýär. Muňa Merkezi saýlaw toparynyň saýtyna girýänleriň sanynyň köpdügi hem şaýatlyk edýär, bu saýt boýunça şol sanda 240 saýlaw uçastogyndan onlaýn görnüşinde ýaýlyma berilýär. 

Ses berlişiniň barşyna halkara we milli synçylar monitoringi amala aşyrýarlar.

Soňky habarlar
11.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
11.07
Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna
11.07
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowа
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.H.AGAHANOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.W.AKMÄMMEDOW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.M.ANNADURDYÝEW hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany SAPBAÝEW D.I. hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda
11.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.ÇAKYÝEW hakynda
top-arrow