Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär
Jemgyýet
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär
Çap edildi 26.03.2023
2891

Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär. 

Milli parlamentde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda saýlawçylara wekilçilik etmäge halkyň arasynda uly hormata we ynama eýe bolan iň mynasyp adamlar hukuk gazandylar. Mejlisiň deputatynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna birnäçe dalaşgär hasaba alyndy. Şeýlelikde, öňki saýlawlar ýaly bu gezekki saýlawlar hem giň bäsdeşlik, demokratiýa we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirilýär. 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, ses bermäge başlamak üçin bellenilen wagtda—ir sagat 7-de saýlaw okruglarynyň çäklerinde birbada ähli saýlaw uçastoklary açyldy. 

Sagat 9-a ýagdaýa görä Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ähli saýlawçylaryň 22.01 göterimi, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 22.09 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 22.30 göterimi ses bermäge gatnaşdylar. 

Daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynda hem ses bermek çäresi guramaçylykly geçirilýär. 

Mälim bolşy ýaly, şu gezekki möhüm jemgyýetçilik syýasy çäresini geçirmäge uly taýýarlyk işleri görüldi. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 515-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2001-si, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 12098-si hem-de mejlisiň deputatlygyna syýasy partiýalar we raýat toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň 258-si bellige alyndy. 

Ses berlişiniň barşyna halkara we milli synçylar monitoringi amala aşyrýarlar. 

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow