Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistana ÝHHG-niň synçylar topary geldi
Jemgyýet
Türkmenistana ÝHHG-niň synçylar topary geldi
Çap edildi 15.03.2023
3180

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edara binasynda ýurdumyzda 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň barşyna baha bermek üçin türkmen paýtagtyna gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň toparynyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Saýlawlary guramak boýunça tejribe alyşmak, hukuk kadalaryny hem-de halkara iş tejribesini öwrenmek bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýändigine üns çekildi.

Myhmanlar merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen meýilnama, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary hem-de ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ilkinji iki tapgyry — dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda geçirildi. Umumy ykrar edilen halkara kadalary hasaba almak bilen, giň bäsdeşlik esasynda guralýan demokratik saýlawlary geçirmek üçin binýat goýuldy.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä milli we türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça çagyrylan halkara synçylaryň hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň toparynyň gatnaşmagy saýlawlaryň kanunçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegi esasynda geçirilmegine ýardam berer. Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olara saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň barşyny bökdençsiz synlamaga hem-de gönüden-göni ses berilýän güni paýtagtymyzda we welaýatlarda saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge mümkinçilik dörediler.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny beýan etmek bilen, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda geçirilýän saýlawlaryň çäreleriniň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmek üçin zerur şertleriň dörediljekdigine ynandyrdylar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edara binasynda guralan duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň toparynyň agzalaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatyna hem-de işjeň halkara hyzmatdaşlyga, giň demokratik özgertmeler ugruna ýokary baha berip, ÝHHG-niň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň toparynyň agzalary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljekde-de türkmen tarapyna milli kanunçylygyň, hususan-da, saýlaw ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine gönükdirilen giň gerimli hukuk özgertmelerini ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdiler.

Toparyň agzalarynyň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda birnäçe ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar meýilleşdirildi.

Soňky habarlar
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
09.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
08.11
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow