Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň iki aýynda halk hojalygynyň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýy seljerip, maliýe-ykdysadyýet toplumynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli esasda seljermegi we berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini üpjün etmäge aýratyn üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisde iki aýyň jemleriniň Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösýändigini görkezýändigini, şunda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejesinde saklanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de, ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, beýleki kabul edilen maksatnamalarydyr meýilnamalary durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli işlemek, amala aşyrylýan ähli taslamalaryň we toplumlaýyn özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklamak möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň durmuş ugurly bolmagyna ünsi çekýär. Halkymyzyň abadançylygynyň, amatly ýaşaýşynyň yzygiderli ösdürilmeginiň üpjün edilmegi häzirki döwürde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmak, onuň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün etmek, sanlylaşdyrmak we ýokary tehnologiýaly binýady berkitmek, senagat pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmek halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen utgaşyklylykda alnyp barylýar. Şu maksada ýetmek üçin Türkmenistanda ägirt uly köpugurly işler amala aşyrylýar. Şol işler anyk netijesini hem berýär. Häzir dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz sazlaşykly ösüşini dowam etdirýär. Geçen iki aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň görkezijileri ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň aýdyň netijesidir. Bu bolsa kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we jemagat hojalygy ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň düzümini toplumlaýyn kämilleşdirmäge, raýatlarymyzy ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasy döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, dürli belentlikdäki, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej görnüşli jaýlar guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu bolsa raýatlaryň ýokary hil talaplaryna bolşy ýaly, ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän jaýlary saýlamaga bolan şertleriň has-da artmagyna mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow golaýda ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny we Türkmenistanyň şu ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklady. Olarda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wajyp wezipeler öz beýanyny tapdy.
Ykdysadyýet ulgamyndaky döwlet syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ulgamy ylmy çemeleşmelere, hojalygy sowatly dolandyrmak we meýilnamalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynyň, şol sanda Oba milli maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, şäherleriň we obalaryň abadanlaşdyrylmagy, her ýylda köp sanly täze binalaryň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatyň oňyn netijesidir.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegi, häzirki zaman ylmyna we saýlap alan hünärine ýetmegi, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegi, ylym hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaşlara bilim-terbiýe bermek ynsanyň ahlak ýörelgeleriniň iň gowy ugurlary bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, okuw-usulyýet ugruny kämilleşdirmäge, ugurdaş düzümi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ylmy-usulyýet we hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk işler yzygiderli amala aşyrylýar.
Umumy orta bilimi kämilleşdirmek bilen bir hatarda, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga möhüm ähmiýet berilýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin hünär taýdan taýýarlykly işgärleriň ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu meseleler döwletimiziň ýörite we haýsydyr bir ugur boýunça bar bolan talaplaryny nazara almak esasynda çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe täze ugurlar açyldy we bu ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär.
Mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň döwrüň talabyna laýyk gelmegine kömek edýär. Bilim ulgamynyň interaktiw usulda ösdürilmegi ýaşlaryň intellektual kuwwatynyň ösmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine hem-de jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär.
Şeýle hem döwletimizde çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýäniň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. 2020 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen, çaganyň irki ösüşi boýunça Milli strategiýada hem-de çaganyň irki ösüşi we onuň mekdebe taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda degişli wezipeler kesgitlenildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda täze çagalar baglarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Häzirki wagtda iň körpe raýatlaryň bilim-terbiýeçilik işlerinde döwrebap multimedia tehnologiýalary işjeň ulanylýar.
Ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösüşine hem hil taýdan täze itergi berildi. Bu ulgama döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artdyrylýar. Bu bolsa geljegi uly ylmy barlaglary, synag işlerini we tehnologik işläp taýýarlamalary alyp barmakda möhümdir. Alymlaryň hünärini, işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek hem-de netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine täzeçil usullar ornaşdyrylýar. Şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen dünýäniň maglumat binýadyna bolan elýeterlilik üpjün edilýär.
Dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirildi, täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Bu ugurda amala aşyrylýan işler milletiň aň-bilim kuwwatynyň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Bu bolsa Watanymyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmakda möhüm şert bolup durýar.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen paýhasly jümle Türkmenistanyň döwlet syýasatynda giň möçberli we maksatnamalaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap hassahanalar, dürli lukmançylyk, sagaldyş-dynç alyş ugurly edaralar guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu düzümleriň hemmesi öňdebaryjy enjamlar we täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Şunda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, pudaklaýyn ylmyň höweslendirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň netijesinde, Türkmenistanyň ähli ilatyna ýokary derejeli we halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny almaga mümkinçilik döredildi.
Ýurdumyzda enäni we çagany goramagyň netijeli ulgamy döredildi. Ýokary tehnologiýaly lukmançylyk ulgamy işjeň ösdürilýär. Dünýäniň öňdebaryjy hassahanalary we ylmy-barlag merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýerli çig mallardan ýokary hilli dermanlyk serişdeleri, ýörite maksatly beýleki önümler öndürilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna uly ähmiýet berilýär.
Döwletimiz sport-sagaldyş düzüminiň ösdürilmegine, halkara ölçeglere gabat gelýän ugurdaş desgalaryň gurluşygyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirýär. Şeýle hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport desgalary, meýdançalar we ýüzüş howuzlary mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we çagalar baglarynda terbiýelenilýän çagalaryň hyzmatyndadyr. Häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli häsiýete eýe boldy. Ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berildi. Munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen adamlaryň saglygy, abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli medeniýetimizi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Milletiň özboluşly medeni-taryhy mirasyna hem-de gadymy ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan täze taryhy döwrüň meýilleri hem-de wezipeleri bu ugurda bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary ýurtlar we abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hem-de hususy başlangyçlara goldaw bermegiň, beýleki oňyn çäreleriň hasabyna ilatyň girdejileriniň artmagy döwlet Baştutanymyzyň durmuş ulgamyny nazarlaýan strategiýasynyň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanda telekeçiligi we onuň önümçilik ulgamyny ösdürmek üçin amatly şertler döredildi. Häzirki zaman bazar mehanizmlerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimizde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän möhüm wezipeleriniň hataryndadyr.
Kiçi we orta telekeçiligiň hem-de onuň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýerine ýetirýän işleriniň höweslendirilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegini maksat edinýär. Bu bolsa ilatyň iş bilen üpjün edilmegi, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy ýaly wajyp wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam berýär.
Mahlasy, ýurdumyzy ösüşiň täze derejelerine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ähli işler döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň durmuş ugrunyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiz bu ugra mundan beýläk-de ägirt uly serişdeleri gönükdirer. Şeýlelikde, Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ygtybarly binýat döredilýär.