Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy
Jemgyýet
Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy
Çap edildi 24.02.2023
3657

Şu gün ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerindäki dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw okruglarynda syýasy partiýalaryň komitetleriniň we raýatlar toparlarynyň dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisleri geçirildi. Duşuşyklara gatnaşyjylar dalaşgärleriň zähmet ýoly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ösüşiniň geljekki ugurlary boýunça garaýyşlary bilen tanyşdylar we işewürlik, şahsy häsiýetlerini içgin ara alyp maslahatlaşyp, olaryň dalaşgärligini goldadylar.

Jemgyýetimiziň durmuşynda demokratik kadalary berkarar etmegiň esasy şertleri — giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri hemişe bolşy ýaly, şu gezekki saýlaw möwsüminiň hem esasy ugurlary bolup durýar. Parlamentiň deputaty, ýerli häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekili hukugyna eýe bolmaga halkymyzyň mynasyp wekilleri, watandaşlarymyzyň hormatyndan we abraýdan peýdalanýan adamlar dalaş edýärler.

28-nji fewralda degişli saýlaw toparlarynda bellige almak işi tamamlanandan soňra, dalaşgärleriň sanawy metbugatda çap ediler. Soňra ähli dalaşgärlere we olaryň ynanylan adamlaryna wagyz-nesihat işlerini, saýlawçylary bilen duşuşyklary geçirmek, şol sanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler dörediler. Şunuň bilen birlikde, saýlawçylara hödürlenen dalaşgärler barada erkin we hemmetaraplaýyn pikir alyşmaga şert döredilýär. Bu bolsa olaryň her bir dalaşgäriň işewürlik we şahsy häsiýetleri bilen tanyşmaklaryna mümkinçilik berer.

Saýlawçylar bilen duşuşyklaryň geçiriljek wagty hem-de ýeri baradaky maglumat ýerli metbugat neşirlerinde çap ediler. Duşuşyklaryň dowamynda saýlawçylar dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen doly tanşarlar.

26-njy martda geçiriljek saýlawlar halkymyzyň ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli demokratik özgertmelere ygrarlydygyny görkezmäge gönükdirilendir.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreleriň geçirilişine milli synçylar we dürli halkara düzümleriň ýörite çagyrylan wekilleri gözegçilik ederler. Häzirki güne çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan synçylaryň 3 müňe golaýy bellige alyndy. Olara tassyklanan nusgadaky şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Türki Döwletleriň Guramasyndan wekiller saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekilleriň gelmegine garaşylýar.

Ýerli synçylar üçin milli saýlaw kanunçylygyndaky üýtgetmeler, olaryň wezipe borçlary, saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen tanyşdyrýan okuw sapaklary geçirildi. Şeýle okuw sapaklary etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň agzalary üçin hem guraldy.

Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow