Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 05.02.2023
1236

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde Türkmenistanyň durnukly ösüşine hem-de rowaçlygyna geljekde-de uly goşant goşjakdygyňyza ynanýaryn.

Siziň bilen geçiren duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn, olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi.

Bilelikdäki tagallalar esasynda ermeni-türkmen syýasy gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza hem-de biziň halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň taryhy sahypalaryny täze üstünlikler bilen baýlaşdyrjakdygymyza ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we uly üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Nikol Paşinýan,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz mynasybetli tüýs ýüregimden gutlaýaryn.

Biziň hyzmatdaşlygymyzyň parlamentara gatnaşyklaryň giňeldilmegine we dostlukly halklarymyzyň bähbidine ermeni-türkmen dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, jenap Başlyk, Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Alen Simonýan,

Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Başlygy.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow