Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi
Jemgyýet
Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi
Çap edildi 01.02.2023
4055

Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde döwlet özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm şertidir. Halkyň abadançylygy baradaky alada bolsa şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, dabara gatnaşyjylar bellediler. Strategik, durmuş ugurly taslama derejesine eýe bolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze hassahanalar, sagaldyş-bejeriş edaralarynyň gurlup ulanmaga berilýändigi we gurulmagy dowam edýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ýok etmek, saglygy goraýşy, derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler. Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, önümleriň ýüzlerçe görnüşini öndürýän derman senagaty pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň netijesinde ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň görnüşleri artýar we hili ýokarlanýar. Bu gün bereketli türkmen topragynda ösýän hem-de bejerijilik ukyby bolan ösümliklerden dermanlyk serişdeleri öndürýän kärhanalar ýurdumyzyň çar künjeginde açyldy.

Lebap welaýatynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýan kökünden dürli dermanlyk serişdeleri öndürýän “Buýan” toplumynda 2024-nji ýylda glisirrizin turşusyny öndürmek boýunça täze kärhanany açmak meýilleşdirilýär.

Derman senagatynyň ösdürilmegine ýurdumyzyň işewürleri hem saldamly goşant goşýarlar. Şu gün açylýan täze desga munuň aýdyň mysalydyr. Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana ýurdumyzyň dürli sebitlerinde şeýle desgalary dolandyrmagyň uly tejribesini toplady.

Bir gatly binada müşderiler üçin niýetlenen giň we oňaýly söwda zaly, derman serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň bölümleri, ammar jaýy göz öňünde tutulypdyr. Täze açylan dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän we Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleridir enjamlary, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenilýär.

Arakesmesiz we dynç günsüz sagat 7:00-dan 23:00-a çenli işleýän dermanhananyň işgärler düzüminde farmasewtler, maslahatçy lukmanlar bar. Munuň özi müşderilere peýdaly maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär. Bu ýerde müşderiler üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Hususan-da, dermanhanada döwrebap enjamlar ornaşdyrylyp, olar sanly ulgama birikdirilendir. Satyn alnan harytlar üçin nagt we nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirip bolýar. Mundan başga-da, bu ýerde sorag-jogap gullugy guralypdyr, eltip bermek hyzmatyny guramak hem meýilleşdirilýär.

Açylyş dabarasynyň dowamynda döredijilik toparlarynyň, bagşy-sazandalaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Täze dermanhananyň açylmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkyň saglygyny we abadan durmuşyny maksat edinýän syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow